Türkmen ilçisi Gazak agrotehniki barlag uniwersitetiniň rektory we türkmen talyplary bilen duşuşdy

  • 06.03.2026 11:58
  • 1.9k+

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi B.Rejepow Saken Seýfullin adyndaky Gazak Agrotehniki barlag uniwersitetiniň Dolandyryş geňeşiniň başlygy – rektory Kanat Tireuow bilen duşuşyp, bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek barada pikir alyşdy.

Soňra Ilçi uniwersitetiň professor-mugallymlary we bu ýerde bilim alýan türkmen talyplary üçin Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýaşlar syýasatyna bagyşlanan leksiýa bilen çykyş etdi. Diplomat öz çykyşynda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň häzirki wagtda strategik hyzmatdaşlygyň derejesine çykandygyny we 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini aýratyn nygtady.

Şeýle hem çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby tanyşdyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi talyplaryň okuw we sport üstünlikleri bilen gyzyklanyp, ýaşlary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdi.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......