Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllygyna taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

  • şu gün 21:31
  • 1.8k+

28-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Maslahat şäheri ösdürmegiň häzirki zaman meselelerine we öňde duran çärelere taýýarlyk görmäge bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D. Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G. Mämmedowa gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi.
Maslahatda 2026-njy ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl dolýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Gaznanyň bu senesine bagyşlanan dabaralaryň meýilnamasyny taýýarlamak tabşyryldy.

Dabaralara döredijilik toparlaryny çekmek, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçiriljek medeni çäreleri işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu çäreler Gaznanyň çagalaryň saglygyny we olary durmuş taýdan goramak ulgamyndaky alyp baran işleriniň netijelerini görkezmäge gönükdiriler.
Häkim G. Mämmedowa Halkara zenanlar gününi baýram etmäge görülýän taýýarlyklar barada hem hasabat berdi. Baýramçylyk mynasybetli köp çagaly eneleri hormatlamak we maşgalalaryň täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelmek dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Halk Maslahatynyň Başlygy baýramçylyk çäreleriniň we jaý toýlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 


şu gün 21:44
1.3k+

Halk Maslahatynyň Başlygy Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi we atly gezelenç etdi

28-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi. Ol ýerde Milli Lider Hanbeg atly bedewe atlanyp, birsellem gezim etdi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi...

düýn 16:56
2.1k+

Aşgabatda «Zemin görki zenandyr» ady bilen suratkeş zenanlaryň bäsleşik-sergisi geçiriler

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zemin görki zenandyr» atly bäsleşik-sergi yglan edildi. Çäräni Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi, Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnaýar...

düýn 15:40
2.6k+

«Galkynyş» topary dabaraly ýörişini Mary welaýatynda dowam etdirdi

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ýurt boýunça dabaraly ýörişiniň çäginde Mary welaýatynda çykyş etdi. Mundan ozal döredijilik topary Arkadag şäherinde, şeýle hem Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda boldy...

düýn 14:06
3.3k+

Beýik Britaniýanyň ilçihanasy sanly wiza ulgamyna geçilýändigini mälim etdi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurduň wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi. 2026-njy ýylyň 25-nji fewralyndan başlap, Beýik Britaniýanyň immigrasiýa ulgamy sanly görnüşe geçdi. Diplomatik wekilhananyň berýän maglumatyna görä, Beýik Britaniýa girmek üçin wiza talap edilýän ähli daşary ýurt raýatlary indi diňe elektron wiza (eVisa) alar...