Tesla pyýadalaryň yşaratyna düşünmäge ukyply FSD awtopilot ulgamyny görkezdi

  • 27.02.2026 12:21
  • 1.7k+

Tesla kompaniýasy "Full Self Driving" (FSD) ulgamynyň täze nusgasynyň synaglaryndan wideogörünişleri paýlaşdy. Täzelenen ulgam v14.2.1 belgisi bilen belgilendi. "ITHome" portalynyň habar bermegine görä, ulgam indi awtomobiliň daşyndaky adamlaryň berýän el yşaratlaryny tanamagy öwrendi.

Wideoda birnäçe ýol ýagdaýlary görkezilýär. Elektromobil ýoly kadalaşdyryjy polisiýa işgäriniň signallaryna we başga bir sürüjiniň el yşaratlaryna dogry reaksiýa berýär. Şeýle hem, ulagyň dar ýoldan geçmäge kömek edýän adamyň görkezmelerine eýerýändigi görkezilýär. Epizodlaryň birinde awtomobil elinde kiçijik "STOP" belgisi bolan adamyň öňünde saklanýar. ABŞ-da şeýle belgiler köplenç çagalaryň ýoldan geçýän ýerlerinde ulanylýar.


Ilon Mask "X" durmuş ulgamynda ýarym awtonom dolandyryş ulgamynyň indi yşaratlara düşünmäge ukyplydygyny tassyklady. Emma bu täzelenmäniň ulanyjylar üçin haçan elýeterli boljakdygy barada anyk möhlet aýdylmady.
Kompaniýa "Full Self Driving" ulgamynyň heniz hem doly derejeli awtopilot däldigini nygtaýar. Ulgam sürüjiniň kämilleşdirilen kömekçisi hökmünde işleýär we ruldaky adamy ulagy dolandyrmak jogapkärçiliginden boşatmaýar.


11.05.2026 16:03
1.3k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....

28.04.2026 23:00
6k+

Tesla-nyň Cybertruck pikaplarynyň esasy alyjysy Ilon Maskyň özi bolup çykdy

Ilon Maskyň eýeçiligindäki kompaniýalar, ilkinji nobatda bolsa SpaceX, Cybertruck elektrik pikaplarynyň esasy alyjylaryna öwrüldiler. Olar geçen ýylyň dördünji çärýeginde ABŞ-da hasaba alnan ähli Cybertruck......