Norwegiýa gyşky Olimpiadada altyn medal boýunça öz rekordyny täzeledi

  • 21.02.2026 10:38
  • 2k+

Norwegiýanyň ýygyndy topary bir gyşky Olimpiadada gazanylan altyn medallaryň sany boýunça öz rekordyny täzeledi. Milan we Kortina şäherlerinde geçirilýän Gyşky oýunlarda bu ýurduň türgenleri iň ýokary derejeli baýraklaryň 17-sini eýelediler.

Öňki rekord (16 altyn medal) mundan dört ýyl ozal Pekinde geçirilen Olimpiadada norwegiýaly türgenleriň hut özleri tarapyndan goýlupdy.


Ýygyndy toparyň gapjygyna 17-nji altyny biatlonçy Ýohannes Dale-Şewdal getirdi. Ol 15 kilometrlik mass-startda öz watandaşy Sturl Holm Legreýdi we Fransiýanyň wekili Kanten Fiýon-Maýýeni yzda galdyryp, birinji bolmagy başardy.
Biatlon bilen bir hatarda, Norwegiýanyň türgenleri lyža ýaryşlary, fristaýl, lyža goşa-göreşi, tramplinden bökmek we konki ýaryşynda hem öňdeligi eýelediler.
Lyžaçy Ýohannes Klebo häzirki oýunlarda bäş altyn medal gazandy. Onuň hasabynda jemi 10 sany iň ýokary derejeli baýrak bar. Munuň özi Gyşky oýunlaryň elýetmez rekordydyr.
Italiýadaky ýaryşlar şu gün, 22-nji fewralda tamamlanar. Oýunlaryň ýapylmagyna çenli erkekleriň arasynda 50 kilometrlik lyža ýaryşynda ýene bir medal toplumy ugrunda bäsleşik geçiriler.


26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.7k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....