Sanae Takaiti Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy

  • 18.02.2026 17:02
  • 2.7k+

Ýaponiýanyň parlamentiniň ýokary palatasy Sanae Takaitini ýurduň 105-nji premýer-ministri hökmünde saýlady. NHK telekanalynyň berýän habaryna görä, ses berilişik hanym Takaitä ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň takyk ýarysyny toplamak üçin bary-ýogy birje sesiň ýetmezçilik edendigi sebäpli iki tapgyrda geçirildi. Ikinji tapgyrda bolsa netijeler has aýdyň boldy.
Sanae Takaiti 125 deputatyň sesini gazanmagy başaran bolsa, bäsdeşi Dzunýa Ogawa 65 ses gazandy. Indi şu günüň dowamynda Ministrler kabinetiniň täze düzümi yglan ediler. Hökümet düzüminiň aglaba böleginiň öňküligine galmagyna garaşylýar.
Sanae Takaiti ilkinji gezek 2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda premýer-ministr wezipesine girişip, Ýaponiýanyň tutuş taryhynda bu mertebeli orny eýelän ilkinji zenan boldy. Öňki hökümet baştutany Sigeru Isibanyň wezipesinden gitmeginden soň, bellenen möhletinden öňki saýlawlarda uly üstünlik gazanan Takaiti şu ýylyň ýanwar aýynda parlamentiň aşaky palatasyny dargatdy. Fewralda gaýtadan geçirilen saýlawlarda Takaitiniň ýolbaşçylygyndaky Liberal-demokratik partiýa (LDP) parlamentdäki 465 ornuň 316-syny eýeläp, rekord derejede ýeňiş gazanmagy başardy.


26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

12.06.2026 10:04
6.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......