Bobsleýçi zenan ýeňşi bilen däl, ýaşy bilen rekord goýdy

  • 17.02.2026 20:42
  • 7.7k+

ABŞ-ly bobsleýçi Elana Maýers-Teýlor Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynda monobob ýaryşynda ýeňiş gazandy. Ol dört tapgyryň netijesi boýunça, aýgytly pursatda öňe saýlanyp, birinji orny eýeledi. Ýaryşyň final tapgyrynyň öň ýanynda türgen zenan ikinji orunda barýardy.
Bu ýeňiş Maýers-Teýlor üçin Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medaly boldy. Oňa mundan ozal üç gezek kümüş we iki gezek bürünç medalyň eýesi bolmak başartdy.
Şeýle-de Elana Teýlor gyşky Olimpiadanyň taryhynda şahsy ýaryşda ýeňiji bolan iň uly ýaşly türgen hökmünde rekord goýdy. Final ýaryşlara gatnaşýan wagty türgen zenan 41 ýaş, 4 aý we 6 gününi doldurypdy.
Mundan öňki rekord snoubordçy Benýamin Karla degişli bolup, ol birnäçe gün öň 2026-njy ýylyň oýunlarynda 40 ýaşynda altyn medal alypdy.


26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.7k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....