Nepally alpinist 15 günde Ewereste dört gezek çykyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 18.02.2026 00:40
  • 3.8k+

Nepally şerpa-alpinist 15 günüň dowamynda Ewerest depesine dört gezek çykyp, Ginnesiň rekordlar kitabynyň şahadatnamasyny aldy. 30 ýaşly Taşi Gýalsen 2025-nji ýylyň 9-njy, 14-nji, 19-njy we 23-nji maýynda Jomolungma depesine günorta tarapyndan çykyp, alpinizm taryhyna girdi diýip, «The Himalayan Times» gazeti habar berýär.
Ol depä ilkinji gezek 9-njy maýda dünýäniň iň belent nokadyna barýan ýoly taýýarlaýan we ýüp çekýän toparyň düzüminde çykdy. 14-nji maýda depä ýeke özi çykdy, 19-njy maýda bolsa ýolbelet hökmünde ýokaryk galdy. Onuň dördünji çykyşy hem ýene-de ýekeleýin boldy.
Gýalsen bu rekordy diňe özi üçin däl, eýsem halkara derejesinde ünsi çekýän nepally alpinistlere bolan garaýşyň üýtgemeginde tutuş şerpa jemgyýeti üçin «möhüm pursat» diýip atlandyrdy.


Ewerest dünýäniň iň belent dagy bolup, onuň iň ýokary nokady 8848,86 metre ýetýär. Ol Nepal bilen Hytaýyň serhedinde ýerleşýär. Şu wagta çenli bu depä 12 müňden gowrak gezek çykyldy. Gynansak-da, her ýyl belentlige çykmak synanyşygy wagtynda ýüzlerçe adam wepat bolýar.
Şol sebäpli geçen ýyl Nepalyň häkimiýetleri syýahatçylaryň howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak üçin täze düzgün girizdi: indi Ewereste diňe ýurduň, iň bolmanda, 7 müň metr belentlikdäki islendik bir depesine çykan alpinistlere çykmaga rugsat berilýär.


şu gün 00:07
1.2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......