Bred Pitt bilen Tom Kruzyň "garpyşygy" tankytlanandan soň ByteDance täze emeli aň generatoryna çäklendirme girizýär

  • 17.02.2026 18:37
  • 4.4k+

Hytaýyň ByteDance kompaniýasy (TikTok-yň eýesi) amerikan kinostudiýalarynyň kazyýet şikaýatlary baradaky duýduryşlaryndan soň, täze Seedance 2.0 emeli aň (AI) wideo generatorynda intellektual eýeçilik obýektleriniň ulanylyşyny çäklendirmegi wada berdi. Bu barada Reuters habarlar agentligi öz çeşmelerine salgylanyp maglumat berdi.

Dawanyň esasy sebäbi — Disney korporasiýasynyň we beýleki awtorlyk hukugy eýeleriniň bildiren talaplarydyr.
Disney-iň resmi hatynda Seedance 2.0 modeliniň "Ýyldyz söweşleri" (Star Wars) we "Marvel" äleminiň gahrymanlarynyň gatnaşmagyndaky uly maglumat kitaphanasy esasynda öwredilendigi aýdylýar. Paramount-yň Skydance studiýasy hem öz gahrymanlarynyň birugsat ulanylmagy boýunça ByteDance-a meňzeş talaplary iberdi.
15-nji fewralda işe girizilen Seedance 2.0 tekst buýruklary esasynda örän realistik wideolary döretmäge ukyplydyr. Onuň mümkinçilikleri Bred Pitt bilen Tom Kruzyň arasyndaky söweşi görkezýän wideolar arkaly meşhurlyk gazanypdy. Emma Motion Picture Association (Kinokompaniýalar birleşigi) bu hili "realizmiň" diňe birugsat ulanylan maglumatlar arkaly mümkindigini öňe sürýär.
Kompaniýanyň wekilleri intellektual eýeçiligi goramak üçin gözegçilik çärelerini güýçlendirmegi wada berdiler. Emma gözegçilik mehanizmleriniň nähili işlejekdigi barada anyk jogap berilmedi.
ByteDance meşhur adamlaryň keşplerini modelleri öwretmek üçin ulanýandygy baradaky sowallary jogapsyz goýdy.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....