Ýewropa ýurtlaryny global maýylganlyga has tiz taýýarlyk görmäge çagyrýarlar

  • 17.02.2026 21:50
  • 5.2k+

Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa ylmy konsultatiw geňeşi (ESABCC) Ýewropanyň ýurtlaryny global ýylylyga taýýarlanmaga çagyrdy. ESABCC täze hasabatynda Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) agza ýurtlarynyň temperaturanyň ýokarlanmagyna uýgunlaşmak boýunça görýän çärelerini «ýeterlik däl we köp ýagdaýlarda gijä galan» diýip atlandyrýar.
Bilermenler 2100-nji ýyla çenli dünýäde temperaturanyň industrialdan öňki döwürdäkiden 2,8–3,3°C ýokary bolup biljekdigi baradaky netijä geldi. Bu görkeziji 2015-nji ýylda Pariž ylalaşygyna gol çekilen wagty dünýä liderleri tarapyndan bellenilen maksatnamalaýyn çäkden, takmynan, iki esse ýokarydyr.
Soňky ýyllarda Ýewropa has ýygy-ýygydan adatdan daşary we köp sanly adam pidalaryna getirýän howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bilermenleriň pikirine görä, şeýle hadysalaryň güýçlenmegi howa krizisi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Tomus paslyndaky aşa yssylyk hem her ýyl tutuş yklymda on müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolýar. Alymlar bu ölümleriň ýarysyndan üçden iki bölegine çenlisini gazylyp alynýan ýangyçlaryň zyňyndylary netijesinde temperaturanyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýar. Geçen ýyl Ýewropanyň köp bölegi tokaý ýangynlary sebäpli ýandy — sebitde ozal beýle ýagdaý görülmändi.
Ýakynda Ýewropa Bileleşigi Portugaliýanyň häkimiýetlerini howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin goşmaça çäreleri işläp düzmäge çagyrdy. Çünki, bu ýurt birnäçe güýçli tupanlardan ejir çekdi, netijede azyndan 16 adam heläk boldy, ýetirilen zyýan bolsa, takmynan, 775 million ýewro barabar boldy.
ESABCC öz hasabatynda ÝB döwletlerini howa töwekgelçiliklerine yzygiderli baha bermäge, olaryň öňüni almak boýunça çäreleri işläp düzmäge we maliýeleşdirmäge, şol sanda hususy maýa goýumlarynyň hasabyna serişde gönükdirmäge borçlandyrmagy maslahat berýär. Şol bir wagtyň özünde, Ýewropanyň howa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur bolan maýa goýumlarynyň anyk mukdary resminamada görkezilmeýär.


düýn 22:17
912

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

02.06.2026 21:16
6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....