Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek eneli ogul bilelikde çykyş etdiler

  • 17.02.2026 14:01
  • 3.6k+

Italiýada geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlarynda sport taryhynda ilkinji gezek ene we ogul şol bir wagtda bäsleşiklere gatnaşdy.

Meksikaly dag lyžaçysy Lasse Gaksiola Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň Gyşky oýunlarynda ilkinji gezek çykyş etdi. 18 ýaşly türgen ägirt slalomda iki synanyşykdan soň 2 minut 48,08 sekunt wagt görkezip, 53-nji orny eýeledi.
12-nji fewralda super-ägirt slalomda bolsa Lasseniň ejesi — 46 ýaşly Sara Şleper hem çykyş etdi. Ol pellehana iň soňky bolup gelip, 26-njy orny eýeledi. 
Muňa garamazdan, Şleper bu Olimpiadada birbada üç sany rekord goýdy. 
Sara Şleper bu Olimpiadada birbada üç sany rekordy täzeledi:

  • oýunlaryň iň ýaşy uly dag lyžaçysy;
  • ýedi Olimpiada gatnaşan ilkinji türgen ;
  • öz ogly bilen bilelikde bir gyşky Olimpiada gatnaşan ilkinji ene.

Şleper Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek 1998-nji ýylda Naganoda çykyş edipdi we şondan bäri diňe bir Olimpiadany — 2014-nji ýyldaky Soçi oýunlaryny sypdyrdy. Onuň iň gowy netijesi 2006-njy ýylda Turinde gazanan onunjy orny boldy. Şeýle hem Şleper 11 gezek dünýä çempionatlaryna we 194 gezek Dünýä kubogynyň tapgyrlaryna gatnaşdy. 2005-nji ýylda ol özüniň ýeke-täk ýeňşini gazandy we ýene üç gezek sylagly orun bilen münbere çykypdy.
Ogly Lasse dünýä ineninden soň Şleper 2008-nji ýylda ýene sporta gaýdyp geldi we  ýene üç möwsüm çykyş etdi. 2011-nji ýylyň dekabrynda 32 ýaşly türgen zenan sport karýerasyny tamamlamagy ýüregine düwdi. Bu karary kabul eden pursatyny Sara Şleper eline üç ýaşly ogluny alyp, Awstriýanyň Lins şäherinde dag eňňidinden aşak düşmek bilen simwolik waka öwürdi.


Emma muňa garamazdan, türgen zenan adamsy Federikonyň watany bolan Meksikanyň adyndan çykyş etmek niýeti bilen 2014-nji ýylyň tomsunda sporta täzeden gaýdyp geldi. Federiko diňe bir Lasseniň kakasy bolman, eýsem onuň tälimçisi-de bolupdy. Şunlukda Italiýadaky 
Olimpiýa oýunlary Şleper üçin Meksikanyň baýdagy astynda gatnaşýan üçünji oýunlary boldy. 2026-njy ýylyň Olimpiadasynyň açylyş dabarasynda ýurduň baýdagyny götermek hem oňa ynanyldy.


Gyşky Olimpiada ilkinji ýola gatnaşýan Lasseniň häzir 18 ýaşynda bolmagy we onuň ejesiniň hem 1998-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek 18 ýaşyndaka gatnaşmagy aýratyn ünsüňi çekýän ýagdaýdyr.


26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.7k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....