Tom Kruz bilen Bred Pittiň uruşýan wideosy Golliwudyň gaharyny getirdi

  • 15.02.2026 20:51
  • 7.7k+

Iri golliwud studiýalary Hytaýyň ByteDance kompaniýasyny öz neýroulgamlaryna tälim bermek üçin awtorlyk hukugy bilen goralan kontenti yzygiderli ulanmakda aýypladylar. Şikaýat eden kompaniýalaryň arasynda Disney we Paramount Skydance bar diýip, Variety habar berýär.

Nägileliklere Seedance 2.0 platformasynyň meşhurlygy sebäp boldy. Şu hepde internede bu emeli aň tarapyndan ýasalan wideolar, şol sanda Tom Kruz bilen Bred Pittiň üçekdäki çyna berimsiz söweş sahnalary giňden ýaýrady.
2026-njy ýylyň 15-nji fewralynda Paramount kompaniýasy ByteDance-iň ýolbaşçylaryna bikanun hereketleri bes etmek barada talapnama ugratdy. Studiýa Seedance (wideo) we Seedream (surat) generatiw neýroulgamlarynyň materiallary birugsat ulanýandygyny görkezdi. Hatda mysal hökmünde «Günorta Park» («Южный Парк»), «Ýyldyzly ýol» («Звёздный путь») we «Çokundyran ata» («Крестный отец») ýaly meşhur franşizalaryň atlary aýratynlykda agzalýar.
Ondan öň ByteDance-e ýokarka meňzeş resminamany Disney hem ugradypdy. Korporasiýanyň ýuristleri Hytaýyň tehno ägirdiniň «Ýyldyz uruşlary» («Звёздных войн») we Marvel gahrymanlaryny göwnübirlik bilen ulanýandygyny we olara «mugt, elýeterli kontent» hökmünde seredýändigini mälim etdiler.
«ByteDance tarapyndan intellektual eýeçiligiň wirtual ogurlygy — bu bilkastlaýyn gurnalan, hemme ýere ýaýradylan we asla ýol berilmeli däl ýagdaýdyr» diýip, Disney-e wekilçilik edýän Jenner & Block ýuridik firmasynyň wekili Dewid Singer belledi.
Amerikan kino kompaniýalarynyň assosiasiýasy (MPA) «bikanun hereketleri derrew bes etmegi» talap etdi.
ByteDance tarapyndan häzirlikçe bu talaplara resmi teswir berilmedi.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....