Pitt we Kruz ekranda söweşýär: Emeli aň aktýorsyz ekşn-film düşürmegiň mümkinçiliklerini görkezdi

  • 14.02.2026 19:15
  • 6k+

Joyrider Films-iň amerikaly režissýory Ruairi Robinson Bred Pitt bilen Tom Kruzuň biri-biri bilen söweşýän örän realistik wideosyny tanyşdyrdy. Bu iş ByteDance kompaniýasynyň Seedance 2.0 neýroulgamy arkaly taýýarlanyp, hakyky düşürilişden diýen ýaly tapawutlanmaýar.

Robinson diňe bir esasy wideony däl, eýsem şol bir söweş sahnasynyň dürli wariantlaryny hem çap etdi. Olarda: Bred Pittiň ýa-da Tom Kruzuň ýerine nindzýa-zombi ýa-da robot söweşýär.
Gahrymanlaryň gepleşikleri, dürli kamera rakurslary we ses effektleri goşuldy.
Ähli wersiýalarda hem hereketleriň dinamikasy, söweş meýdançasy we gahrymanlaryň plastikasynyň takyklygy doly saklanyp galýar.

"Muny aýtmak gaty agyr, ýöne tehnologiýanyň bu derejesi industriýa üçin ähli zadyň gutarandygyny aňladýan bolsa gerek" diýip, meşhur ssenariçi we kinoprodýuser Rett Riz bu wideolaryň hili barada bellik etdi.

Bu garaýyş Golliwud hünärmenleriniň arasyndaky esasy gorkyny — emeli aňyň kaskadýorlary, operatorlary we hatda gymmat bahaly ýyldyzlary hem eýýäm çalşyp biljekdigini açyp görkezýär.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....