2026-njy ýylda Türkmenistanda 900 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler

  • 14.02.2026 15:23
  • 12k+

2026-njy ýylda Türkmenistanda umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti anna güni geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde aýtdy. Döwlet Baştutany 2026-njy ýyl üçin durmuş-ykdysady ösüşiň we maýa goýumlaryň Maksatnamasyny tassyklady diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutanynyň buýrugyna laýyklykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri maksatnamalaýyn çäreleriň wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmelidir. Resminama ykdysady ösüşi goldamaga, maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmäge hem-de önümçilik we sosial infrastruktura goýulýan serişdeleri artdyrmaga gönükdirilendir.
Ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin welaýatlarda we paýtagtda birnäçe täze desgalaryň gurluşygyna başlanar, şeýle hem ozal başlanan binalaryň gurluşygy tamamlanar.

Prezident 2026-njy ýylda aşakdakylaryň gurlup ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi:

  • Aşgabadyň «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýy, söwda merkezleri we durmuş hyzmaty öýleri;
  • Büzmeýin etrabynyň ýaşaýyş toplumynda 46 sany häzirkizaman ýaşaýyş jaýy;
  • Paýtagtda 127 sany iki gatly kottej jaýy;
  • Aşgabatda 4000 orunlyk köpugurly medeni merkez;
  • Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezi, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi we Stomatologiýa merkezi;
  • «Arçman» şypahanasynda 400 orunlyk täze binalar toplumy;
  • Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary–Türkmenabat bölegi;
  • Gyzylarbat etrabynyň çäginde döwrebap oba we köpugurly elektrik stansiýasy;
  • Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlary we binalar toplumy;
  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary.

Maksatnamada ýol ulgamyny, aragatnaşyk, suw, gaz we elektrik üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge, şeýle hem suw we arassalaýyş desgalarynyň gurluşygyna aýratyn üns berildi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäginde halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin guramaçylyk döwlet topary döredildi. Prezident olaryň ýokary hilli taýýarlanylmagynyň we ýokary derejede geçirilmeginiň möhümdigini nygtady.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......