Köneürgenç etraby Türkmenistanda iň gowy etrap diýlip ykrar edildi we $1 mln möçberinde baýrak aldy

  • 14.02.2026 13:58
  • 7.8k+

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň etraplarynyň arasynda geçirilýän her ýylky döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa habar berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda etrabyň häkimligini 1 million ABŞ dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakynda resminama gol çekdi diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň, etrap hukukly şäherleriň we Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri görkezdi.
Türkmenistanyň Merkezi bankyna görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermek tabşyryldy.
Şeýle hem ýurduň Prezidenti 2026-njy ýylyň jemleri boýunça hem bäsleşik yglan etmek hakynda resminama gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýeňiji bolan etraby kesgitlemek boýunça topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Bu bäsleşik ýurduň etraplarynda we şäherlerinde durmuş, ykdysady hem-de medeni ulgamlarda ýokary netijeleriň gazanylmagyny, şeýle hem döwrebap önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......