Aloe weranyň düzüminde Alsgeýmer keseline garşy madda tapyldy

  • 15.02.2026 13:47
  • 3.1k+

Alymlar aloe wera ösümliginiň düzüminde Alsgeýmer keselini bejermek üçin zerur dermanlaryň esasyny düzüp biljek täze bir birleşmäni ýüze çykardylar. Beta-sitosterol diýlip atlandyrylýan bu madda ýatkeşligiň peselmegi bilen bagly iki sany fermentiň işine täsir etmäge ukyply.
Alsgeýmer keseli beýni nerw öyjükleriniň habar alyşmagyny üpjün edýän asetilholin maddasynyň azalmagy zerarly ýüze çykýar.  Ony bolsa  asetilholinesteraza (AChE) we butirilholinesteraza (BChE) fermentleri dargadýar. Asetilholini saklap galmaga we alsgeýmerli syrkawlaryň ýagdaýyny ýeňilleşdirmäge hut şu fermentleriň işini haýalladýan dermanlar zerur bolup durýar.
Current Pharmaceutical Analysis žurnalynda neşir edilen barlagda alymlar kompýuter hasaplamalarynyň kömegi bilen aloý weradaky birnäçe birleşmäni öwrendiler we maddalaryň AChE we BChE fermentleri bilen baglanyşygyny seljeridiler.
Barlaglaryň barşynda baglanyşyk energiýasy AChE üçin 8,6 kkal/mol we BChE üçin 8,7 kkal/mol bolan beta-sitosterol gowy netije görkezdi. Mundan ötri, organizme siňişi we toksikliligi taýdan hem beta-sitosteroluň görkezijileri ýantar turşusy ýaly amaly taýdan oňaýly boldy.


24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......