Iki aýlyk bäbekleriň beýnisi çak edilişinden has ösen bolup çykdy

  • 09.02.2026 21:04
  • 6.5k+

Görüp oturylsa, bäbekler eýýäm iki aýlyk wagtlarynda janly we jansyz zatlary biri-birinden tapawutlandyrmagy başarýan ekenler. Munuň şeýledigini beýniniň ösüşiniň we daşky dünýäni işjeň tertipleşdirmegiň öňki çak edilişinden has ir başlanýandygyny görkezýän kognitiw ukyplar baradaky täze barlaglar hem subut edýär diýip, Nature Neuroscience žurnaly habar berýär.
Dubliniň Triniti-kollejiniň alymlarynyň geçiren barlagynyň netijeleri köpçülige hödürlenildi. Olar synagyň barşynda 130-dan gowrak bäbegiň funksional magnit-rezonans tomografiýasynyň maglumatlaryny seljerdiler. Bu tehnologiýa gandaky kislorodyň derejesiniň üýtgemegini hasaba alýar we dürli wizual gyzyklandyryjylara beýniniň berýän täsirlerini synlamaga mümkinçilik berýär.
Alnan maglumatlar çaganyň beýnisiniň heniz ömrüniň ilkinji aýlarynda ýokary derejede kemala gelýändigine şaýatlyk edýär. Geljekde bu maglumatlar lukmanlara irki ýaşdaky kognitiw ösüşi, şeýle hem durmuşyň soňky tapgyrlarynda ýüze çykýan ruhy bozulmalaryň emele geliş mehanizmlerini has içgin öwrenmäge kömek edip biler.


24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......