ChatGPT yzyňa gara: Gemini ýetip gelýär

  • 07.02.2026 20:27
  • 3.6k+

Google Gemini emeli aň (EA) kömekçisiniň auditoriýasy aýda 750 mln işjeň ulanyja ýetdi. Bu maglumatlar kompaniýanyň nobatdaky çärýekleýin hasabatynda görkezildi.
Google geçen çärýekde Gemini-iň her aýda 650 mln işjeň ulanyjysynyň bardygyny habar beripdi. Şunlukda, gysga wagtyň içinde ol ulanyjylar toparyny ep-esli giňeltmegi we emeli aň önümleriniň bazarynda ornuny berkitmegi başardy. Emma muňa garamazdan, Google häzirlikçe özüniň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyndan yzda galýar. Google-yň maglumatlary boýunça, 2025-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, ChatGPT-niň auditoriýasy aýda 810 mln ulanyja ýetipdi.
Gemini 750 mln ulanyjy görkezijisinden Google-yň häzirki wagtda iň kämil dil modeli hasaplanýan Gemini 3 işe girizilenden az wagtdan soň geçdi. Kompaniýanyň bellemegine görä, kömekçiniň täze wersiýasy konteksti göz öňünde tutmak bilen has takyk we giňişleýin jogaplary berýär. Google-yň baş direktory Sundar Piçai auditoriýanyň ösmegini Gemini 3-üň işe girizilmegi we EA modelleriniň ösüşine maýa goýumlaryň dowam etdirilmegi bilen baglanyşdyrdy.
Aýda 8 dollar bolan täze Google AI Plus nyrh meýilnamasy hem ulanyjy sanynyň artmagyna goşmaça itergi bolup biler. Google-yň täjirçilik müdiri Filipp Şindler maýadarlara kompaniýanyň auditoriýanyň durnukly ösüşini hasaba alýandygyny we tölegli hyzmatlar toplumyny ösdürmegi dowam etdirýändigini aýtdy.


10.06.2026 11:22
1.7k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

10.06.2026 11:10
754

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 15:01
1.7k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 09:45
1.4k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....