Maskyň "içgysgynç" kompaniýasy Dubaýdaky 20 minutlyk ýoly 3 minuda çenli gysgaldar

  • 07.02.2026 15:30
  • 7.4k+

Dubaýda "Dubai Loop" atly ýokary tizlikli ýerasty ýol ulgamynyň ilkinji dört stansiýasynyň taslamasy tanyşdyryldy.

​Ulag girişleri Burj Khalifa gökdiräniniň ýanynda, DIFC 2 işewürlik etrabynda, Dubai Mall Zabeel awtoduralgasynda we Brookfield Place halkara ulag terminalynda ýerleşer. "The National" neşiriniň habar bermegine görä, bu taslamany Maskyň eýelik edýän "The Boring Company" tunnel gurluşyk kompaniýasy işläp düzdi.

​Dubaýyň Ýol we ulag müdiriýeti (RTA) taslamanyň birinji tapgyrynyň 565 million dirheme ($153,8 million) düşjekdigini mälim etdi. Ýerasty ýol DIFC-ni Dubai Mall söwda merkezi bilen birleşdirer. Gurluşykçynyň berýän maglumatyna görä, bu bölekde işler 2026-njy ýylyň ahyrynda başlar we bir ýyllap dowam eder. Tunneliň gurulmagy ýol wagtyny 20 minutdan 3 minuda çenli gysgaltmaga mümkinçilik berer.
​Umumy uzynlygy 22,2 kilometr bolan tutuş ulgam 19 stansiýadan ybarat bolar. Taslamanyň umumy bahasy 2 milliard dirheme ($545 million) deňdir. Ýolagçylary gatnatmak üçin Tesla awtoulaglary ulanylar; olar başda sürüjiler tarapyndan dolandyrylar, geljekde bolsa doly awtonom (öz-özüni dolandyrýan) ýagdaýa geçiriler.
​Ulgamyň başlangyç tapgyrda günde 13 müň adamy gatnatmagyna, soňra bolsa bu görkezijiniň 30 müňe çenli ýetirilmegine garaşylýar. Işleriň doly tamamlanmagy üçin üç ýyl wagt meýilleşdirilýär.
​Dubaýyň bu taslamasynyň çäklerinde dünýäde eýýäm öz rekordçylary bar: Hytaýda ýakynda 22,13 kilometrlik "Tianshan Shengli" tunneli açyldy, dünýäniň iň uzyn tunneli bolsa Norwegiýadaky Lerdal tunneli bolmagynda galýar — ol Hytaýdakydan 2,38 km has uzundyr.


27.04.2026 23:00
2.3k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.5k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.8k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

29.03.2026 23:55
6.3k+

Ilon Mask ABŞ-da öz hasabyna üç sany ýolagçy tunelini gurar

Ilon Maskyň esaslandyran «The Boring Company» kompaniýasy ABŞ-da üç sany täze ýolagçy tuneliniň gurluşygyna başlaýandygyny yglan etdi. Bu taslamalaryň ählisi kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna doly......