BSGG adatdan daşary lukmançylyk kömegi üçin 1 milliard dollar gözleýär

  • 05.02.2026 08:41
  • 2.4k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) 2026-njy ýylda 36 sany krizis nokadynda adatdan daşary lukmançylyk kömegini bermek üçin 1 milliard dollar bölüp bermek çagyryşy bilen dünýä jemgyýetçiligine ýüzlendi. 
Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, hemaýatkärler, hususan-da Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan maliýeleşdirilmegiň azalmagy zerarly ýüze çykdy diýlip TASS-yň habarynda bellenilýär.  
BSGG-niň saglygy goraýyş babatyndaky adatdan daşary ýagdaýlar maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Çikwe Ihekweazu Ženewadaky brifingde eden çykyşynda: «Şu gün BSGG 2026-njy ýyldaky dünýäniň iň agyr adatdan daşary ýagdaýlarynda esasy lukmançylyk hyzmatlaryny gaýgyrmazlyk üçin 1 milliard dollar bölüp bermek baradaky çagyryş bilen ýüzlenýär» diýip aýtdy.  Ol bu serişdeleriň 36 sany adatdan daşary ýagdaýlarda saglygy goraýyş boýunça çäreleri goldamaga niýetlenilýändigini nygtady. 
Şeýle-de Çikwe Ihekweazu 2025-nji ýylda guramanyň iň köp maliýe goldawyny Ýewropa Bileleşiginden, Saud Arabystanyndan we Germaniýa Federatiw Respublikasyndan alandygyny aýtdy.


07.03.2026 10:10
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

28.02.2026 14:08
4.1k+

Döwlet Baştutany 2052-nji ýyla çenli ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026–2052-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň Milli strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Degişli tabşyryk anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde berildi diýip, TDH habar berýär...

17.02.2026 05:42
5.2k+

Türkmenistanyň Prezidentine BSGG-niň ýörite sylagy gowşuryldy

16-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti boýunça direktory Hans Henri P.Klýugeni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Hans Henri P...

17.02.2026 02:31
1.4k+

Aşgabatda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialog açyldy

16-njy fewralda Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy boldy. Forum Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) bilen bilelikde guraldy...