Mikroblar kosmosda adatdan daşary güýje eýe bolýar

  • 03.02.2026 23:56
  • 3.1k+

Halkara kosmos stansiýasyndaky (HKS) mikrograwitasiýa şertlerinde inkubasiýadan geçen bakteriofaglar, peşew ýollarynyň ýokançlyklaryna sebäp bolýan Ýerdäki bakteriýalary ýok etmek ukybyna eýe boldular. Bu baradaky ylmy iş PLOS Biology žurnalynda çap edildi.

Medisondaky Wiskonsin uniwersitetiniň we Rhodium Scientific Inc. kompaniýasynyň barlagçylary geçirilen synagyň netijeleri bilen paýlaşdylar. 2020-nji ýylda başlanan synagyň dowamynda hünärmenler kosmos stansiýasyndaky we Ýerdäki mikroorganizmleriň özara täsirini deňeşdirdiler. Biohimik Watsan Ramanyň ýolbaşçylygyndaky topar agramsyzlygyň biologik prosesleri düýpli üýtgedýändigini anyklady. Şunlukda bakteriýalarda stres we iýmit maddalaryny dolandyrmak üçin jogap berýän genlerde mutasiýalar, şeýle-de üstki beloklaryň üýtgemegi hasaba alyndy.
Bu özgermelere jogap hökmünde, bakteriofaglar özleriniň sebäpkär (bakteriýa) bilen baglanyşyk gurmak ukybyny saklamak üçin mutasiýany başdan geçirdiler. Kosmosda emele gelen bu üýtgeşmeleriň wiruslara häzirki bar bolan antibiotikleriň 90%-ine durnukly bolan patogenleri netijeli ýok etmäge mümkinçilik berýändigi anyklandy. Alnan maglumatlaryň esasynda barlagçylar Ýer şertlerinde ulanmak üçin dermanlara durnukly mikroblara garşy ýokary işjeňlik görkezýän bakteriofaglary taslamagy başardylar.


düýn 23:14
5.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....