Taryhy rekord: Apple bir çärýekde 143,8 milliard dollar girdeji aldy

  • 31.01.2026 18:36
  • 1.7k+

Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň 27-nji dekabrynda tamamlanan täze maliýe ýylynyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça 143,8 milliard dollar girdeji gazanyp, öz taryhynda rekord goýdy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16% köpdür we seljerijileriň çaklamalaryndan has ýokarydyr.

Maliýe hasabatyna görä, kompaniýanyň iş girdejisi geçen ýylky 42,8 milliard dollardan 50,9 milliard dollara, arassa girdejisi bolsa 42,1 milliard dollara ýetdi. Şeýle hem, Apple-iň dünýä boýunça ulanylýan işjeň enjamlarynyň bazasynyň häzirki wagtda 2,5 milliarddan geçendigi habar berildi.
Smartfonlar kompaniýanyň iň uly girdeji diregleri bolmagynda galýar. iPhone satuwy geçen ýylky 69,1 milliard dollardan 85,3 milliard dollara çenli ýokarlandy we umumy girdejiniň ýarysyndan gowragyny üpjün etdi.
Hyzmatlar pudagynda (App Store, iCloud, Apple Music) hem uly ösüş hasaba alyndy we bu segment 30 milliard dollar girdeji getirdi. Gyzykly tarapy, diňe hyzmatlardan gelýän girdeji, iPhone-dan başga ähli önüm kategoriýalarynyň jemi girdejisinden hem geçmegi başardy. Şeýle hem, iPad segmenti 8,6 milliard dollar girdeji bilen oňyn ösüş görkezdi.
Emma ähli ugurlarda ösüş bolmady. Mac kompýuterleriniň satuwy birneme peselip, 8,4 milliard dollar boldy. Şeýle-de, dakylýan enjamlar, öý ulgamlary we aksessuarlar kategoriýasy 11,5 milliard dollar bilen çäklenip, az-kem pese gaçyş görkezdi.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....