Tesla ilkinji gezek ýyllyk girdejisiniň peselendigini hasaba aldy

  • 31.01.2026 13:40
  • 2.5k+

2025-nji ýylda Tesla kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek umumy ýyllyk girdejisiniň 3% peselendigini hasaba aldy — öndürijiniň çärýekleýin hasabat resminamalaryna görä, ol 94,8 mlrd dollara barabar boldy.
Awtomobil segmentindäki oňyn däl dinamikanyň (girdejiler 10% peselip, 69,5 mlrd dollara düşdi) energetika ugrunyň we hyzmatlar edarasynyň görkezijileriniň ösmegi netijesinde bölekleýin öwezi dolundy.
Hut şonuň üçin hem, habar berşimiz ýaly, kompaniýa indiki çärýegiň ahyryna çenli Kaliforniýadaky zawodynda Model S we Model X modellerini öndürmegi bes etmegi meýilleşdirýär. Geçen ýyl bu elektromobilleriň iberilişi 40% peselip, 50 850 birlik boldy. Islegiň azalmagy bilen baglylykda, ýolbaşçylar biznesiň mundan beýläkki ösüşini «fiziki emeli aň», şol sanda awtopilot we «Optimus» robotlary bilen baglanyşdyrýar. Ozal habar berlişi ýaly, robotlar şu ýylyň ahyrynda Frimontdaky kärhanada ýygnalyp başlanar.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask köne modellerden ýüz öwürmegiň sebäbini gysgaça bir söz bilen düşündirdi: «Awtonomlyk».
Dördünji çärýekde elektromobil üpjünçiliginiň umumy 16% peselendigine garamazdan, kompaniýanyň umumy girdeji normasy 16,3%-den 20,1%-e çenli ýokarlandy. Şeýle hem resminamalarda markanyň tutuş taryhynda 9 million öndürilen awtomobil sepgidine ýetilendigi bellenilýär.


13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.4k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5.1k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5.1k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....