Tesla iki elektromobiliniň deregine adamşekilli robotlary çykarar

  • 31.01.2026 11:47
  • 2.1k+

Tesla kompaniýasy 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde Model S we Model X elektromobillerini öndürmegi bes eder. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask maýadarlar bilen geçirilen telefon arkaly maslahatda aýtdy diýip, CNN habar berýär.
Maskyň aýtmagyna görä, Kaliforniýa ştatynyň Frimont şäherinde ýerleşýän we ozal bellenen modelleri ýygnaýan Tesla zawody Optimus gumanoid robotlaryny öndürmek üçin gaýtadan enjamlaşdyrylar.
Bu çözgüt 2025-nji ýylyň ahyrynda kompaniýanyň girdejileriniň we satuw möçberiniň ep-esli peselmegi bilen baglylykda kabul edildi. CNN-iň bellemegine görä, ABŞ-daky we Ýewropadaky sarp edijileriň bir böleginiň brende bolan garaýşyna Ilon Maskyň syýasy işjeňligi täsir etdi.
Şol bir wagtyň özünde, CNN-iň pikirine görä, Model S we Model X modellerinden ýüz öwrülmegi Tesla-nyň umumy satuwlaryna düýpli täsir etmez. Bu modelleriň bilelikdäki paýy kompaniýanyň satan awtomobilleriniň umumy möçberiniň, takmynan, 3%-ini düzýär.


13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.4k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5.1k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5.1k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....