Microsoft bir günde bazar bahasyndan 440 milliard dollar ýitirdi

  • şu gün 12:04
  • 702

Microsoft kompaniýasynyň kapitalizasiýasy bir söwda gününiň dowamynda 440 milliard dollar pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň taryhynda şeýle uly möçberdäki ikinji pese düşme boldy.  
2026-njy maliýe ýylynyň ikinji çärýegi baradaky hasabat çap edilenden soň, aksiýalaryň bahasy 5,37% peseldi. Umumy alnanda bolsa, şu aýda Microsoft kompaniýasynyň gymmatly kagyzlary tas 14% arzanlady.
Maýadarlaryň aladalanmagyna infrastruktura we Nvidia prosessorlaryna gönükdirilen düýpli çykdajylaryň 70% artyp, 40 milliard dollara ýetmegi sebäp boldy. Bazar ulgamynda korporasiýanyň OpenAI kompaniýasyna bolan garaşlylygy we EA tehnologiýalaryna goýlan ägirt uly maýa goýumlarynyň öwezini doluş tizligi bilen bagly töwekgelçilikler hem durnuksyz ýagdaýy emele getirdi.
Emma, muňa garamazdan, kompaniýanyň resminamalary arassa peýdanyň 38,5 milliard dollara çenli artandygyny we bulut hyzmatlaryndan gelýän girdejiniň 50 milliard dollardan geçendigini tassyklaýar. «Azure» bölümi 39% ösüş görkezdi, ýöne bu netije seljerijileriň garaşyşyndan pes boldy. «Xbox» bölümi bolsa, bulut we şahsy kompýuter oýunlarynyň (PC-gaming) rekord derejede ulanylmagyna seretmezden, «Call of Duty» oýnunyň görkezijileriniň peselmegi sebäpli 9% azaldy
.


şu gün 09:16
434

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

26.01.2026 21:51
1.5k+

Microsoft Teams iş berijilere işgärleriniň nirededigini görkezer

Amerikanyň Microsoft korporasiýasy Microsoft 365 platformasyna täze funksiýany goşmagy meýilleşdirýär. Ol iş berijilere iş wagtynda işgärleriniň nirededigini Teams arkaly yzarlamaga mümkinçilik berer. Şahsy durmuşa gatyşmak bilen bagly jedeller sebäpli, bu täzeligiň girizilmegi ýanwar aýyndan mart aýyna süýşürildi...

24.01.2026 09:42
1.3k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi...

19.01.2026 10:46
4.1k+

Mask OpenAI bilen Microsoft-dan özüne 134 mlrd dollara çenli tölemegi talap edýär

SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask OpenAI we Microsoft kompaniýalaryna garşy şikaýat arzasyny berip, özüne öwez tölegi hökmünde 79 mlrd dollardan 134 mlrd dollara çenli tölemegi talap etdi...