Microsoft Teams iş berijilere işgärleriniň nirededigini görkezer

  • 26.01.2026 21:51
  • 1.6k+

Amerikanyň Microsoft korporasiýasy Microsoft 365 platformasyna täze funksiýany goşmagy meýilleşdirýär. Ol iş berijilere iş wagtynda işgärleriniň nirededigini Teams arkaly yzarlamaga mümkinçilik berer.
Şahsy durmuşa gatyşmak bilen bagly jedeller sebäpli, bu täzeligiň girizilmegi ýanwar aýyndan mart aýyna süýşürildi.
Teams goşundysy gurnalan enjam korporatiw Wi-Fi ulgamyna birigen pursadynda ulanyjynyň iş ýerini, hatda haýsy binadalygyna çenli awtomatik usulda anyklap biler. Eger işgär korporatiw ulgamdan daşarda işleýän bolsa, bu ýagdaý hem hasaba alnar we maglumatlar iş berijä elýeterli bolar. Işgäriň korporatiw däl islendik ulgamdan Teams we Outlook-a girmegi bolsa, onuň iş ýerinde däldiginden habar berer.
Kompaniýa ýerleşýän ýeriňi anyklamak funksiýasynyň meýletin boljakdygyny we onuň adaty ýagdaýda öçürilgi durjakdygyny belleýär. Iş güni tamamlanandan soň, ýerleşilýän ýer baradaky maglumatlar täzelenmez. Funksiýany işe girizmek baradaky karary korporatiw ulgamlaryň administratorlary kabul ederler, işgärleriň razylygyny almak borjy hem olaryň üstüne ýüklenilýär.


17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.03.2026 13:28
722

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

31.01.2026 12:04
2.7k+

Microsoft bir günde bazar bahasyndan 440 milliard dollar ýitirdi

Microsoft kompaniýasynyň kapitalizasiýasy bir söwda gününiň dowamynda 440 milliard dollar pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň taryhynda şeýle uly möçberdäki ikinji pese düşme boldy.   2026-njy maliýe ýylynyň ikinji çärýegi baradaky hasabat çap edilenden soň, aksiýalaryň bahasy 5,37% peseldi...

31.01.2026 09:16
1k+

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...