Çagalar bakja baglary peýdaly bakteriýalaryň esasy çeşmesi bolup çykdy

  • 29.01.2026 20:16
  • 2.4k+

Halkara alymlar topary çagalaryň bakja-baglara gitmeginiň olaryň içege mikrobiomasynyň kemala gelmegine öý şertlerinden has güýçli täsir edýändigini anykladylar. Bary-ýogy birnäçe aýdan soň, çagalar peýdaly bakteriýalary ene-atalaryna garanyňda, öz deň-duşlary bilen has işjeň alyş-çalyş edip başlaýarlar.

Mälim bolşy ýaly, çaga mikrobiomasynyň binýadyny doglanda we ene süýdi bilen iýmitlenýän döwründe özleşdirýär; bu döwürde bakteriýalaryň esasy çeşmesi enedir. Şeýle-de bolsa, çaganyň başga adamlar bilen işjeň gatnaşykda bolup başlaýan döwründe, ýagny ömrüniň birinji ýylynyň ahyryna golaý bolup geçýän prosesler şu wagta çenli ýeterlik öwrenilmändi.
Nature žurnalynda çap edilen barlagyň awtorlary diňe bir ýokanç keselleriň däl, eýsem immun ulgamynyň ösmegi üçin möhüm bolan sagdyn mikrobiotanyň hem çagalar toparlarynda biri-birine geçişini seljerdiler.
Bu ylmy işe ortaça ýaşy 10 aý bolan 43 bäbek, şeýle hem olaryň garyndaşlary, terbiýeçileri we öý haýwanlary — jemi 134 adam gatnaşdy. Bir ýylyň dowamynda jemi 1013 biomaterial nusgasy ýygnaldy.
DNK seljermesi bakja-baglarda mikrob alyş-çalşygynyň derrew başlanýandygyny görkezdi. Üç aýdan soň, çagalar bagyndan alnan bakteriýalaryň paýy maşgala agzalarynyňkydan hem geçip, 20,6%-e derek 39,6% boldy. Has gyzykly tarapy, antibiotik kabul edilenden soň, içege mikrobiomasy, esasan, beýleki çagalardan alnan bakteriýalaryň hasabyna dikeldildi.
Barlaglar çaganyň ömrüniň irki döwründe sosial gurşawyň mikrobiomanyň kemala gelmeginde örän möhüm rol oýnaýandygyny tassyklaýar.


08.06.2026 16:45
3.7k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.4k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
1k+

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......