Uky beýniden öň döräpdir. Muny meduzalar subut etdi

  • 30.01.2026 08:37
  • 2.6k+

Meduzalar hem gije-gündiziň dowamynda adamlar ýaly takmynan sekiz sagat ýatýan ekenler. Bu barada Nature Communications žurnaly Bar-Ilan uniwersitetiniň alymlaryna salgylanyp habar berýär. Lior Appelbaumyň ýolbaşçylygynda işleýän neýrobiologlar boşiçegeliler toparyna degişli jandarlary öwrenip, şeýle netijä geldiler.
Hünärmenler infragyzyl kameralaryň kömegi bilen tersine öwrülen Cassiopea andromeda meduzalarynyň we Nematostella vectensis aktiniýalarynyň (deňiz ýyldyzjyklarynyň) özüni alyp barşyny öwrendiler. Netijede, meduzalaryň gündizine işjeň bolup, garaňky düşmegi bilen uka gidýändigi, aktiniýalaryň bolsa, tersine, gijesine oýa bolýandygy anyklanyldy. Jandarlaryň uky ýagdaýy olaryň damar urmasynyň peselmegi hem-de uzak wagtlap hereketsiz galmagy arkaly kesgitlenildi.
Synagyň barşynda jandarlara ultramelewşe şöhleleri we DNK-syna zeper ýetirýän himiki maddalar bilen täsir edildi. Bu amallardan soň, synag edilýän jandarlaryň dynç alyş wagty has-da uzaldy.
Appelbaumuň bellemegine görä, meduzalar oýa wagty olaryň DNK-synda zeper ýygnanýar, gijeki uky wagtynda bolsa ol dikelip başlaýar.
Geçirilen ylmy işiň netijeleri, uky mehanizmleriniň ewolýusiýa döwründe kelle beýnisiniň kemala gelmeginden has öň dörändigini tassyklaýar.


şu gün 10:53
796

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....