Fransiýada döwlet gullukçylaryna Google Meet we Zoom ulanmagy gadagan ederler

  • 29.01.2026 02:06
  • 1.9k+

Fransiýanyň hökümeti döwlet gullukçylaryna Google Meet, Zoom we Microsoft Teams ýaly Amerikanyň wideoaragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmagy gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Politico habar berdi.
Neşiriň berýän maglumatyna görä, premýer-ministriň diwany ýakyn günlerde resmi wezipeli şahslara wideoaragatnaşyklary diňe Fransiýanyň öz Visio platformasy arkaly geçirmek baradaky talapnamany ýollar. Bu platforma ýörite döwlet edaralarynda ulanmak üçin niýetlenendir.
Şeýle-de habarda bellenilişi ýaly, bu karar Ýewropada ABŞ-nyň kompaniýalary tarapyndan hödürlenýän sanly hyzmatlara baglylygyň artmagy bilen bagly aladalaryň çäginde kabul edildi.

Mundan ozal hem Fransiýa sanly aragatnaşyk ulgamynda şuňa meňzeş ädimleri ädipdi. 2025-nji ýylyň tomsunda resmi şahslara WhatsApp we Telegram messenjerlerinden ýüz öwürmek barada görkezme berlipdi. Olaryň deregine bolsa döwlet edaralarynyň islegleri üçin ýörite işlenip düzülen Tchap messenjerine geçmek teklip edilipdi.


düýn 23:16
2.4k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

düýn 17:20
2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

03.06.2026 18:12
5.6k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

02.06.2026 20:32
7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......