Ulanylan ösümlik ýagyny plastmassa öwürdiler

  • 27.01.2026 18:35
  • 2.8k+

Halkara alymlar topary ulanylan ösümlik ýagyny gaýtadan işläp, häsiýetleri boýunça adaty polietilene meňzeş bolan plastmassany almaga mümkinçilik berýän tehnologiýany işläp düzdüler. Barlagyň netijeleri Journal of the American Chemical Society žurnalynda çap edildi.
Adatça plastmassalar nebitden öndürilýär we bu amal köp mukdardaky galyndyny emele getirýär. Polietilene alternatiw gözleg köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýar, emma mundan ozal hödürlenen materiallar ýa öte berkligi, ýa aşa çeýeligi, ýa-da öndüriliş bahasynyň gymmatlygy sebäpli ýer tutup bilmeýärdi.
Şol bir wagtyň özünde polietilen önümleri çüýräp ýitip gitmeýänligi, gaýtadan işlemesi kynlygy sebäpli ekologiýa zeper ýetirmegini dowam edýär.
Geçirilen tejribeleriň dowamynda alymlar ulanylan ösümlik ýagyny täze plastmassanyň esasy bolan poliefirlere öwürmegi başardylar. Munuň üçin ilki doýmadyk ýag kislotalaryny polietilene meňzeş çyzykly gurluşy bolan uzyn zynjyrly birleşmä öwürdiler. Bu amalda esasy roly palladiý katalizatory oýnady - ol islenilýän önümiň ýokary mukdarda alynmagyny üpjün etdi.
Barlagçylar ýagyň düzümindäki gliserini şahalanan diollara öwrensoňlar, ähli komponentler polimerleşdi. Alnan materiallar polietilen bilen deňeşdirerlik derejede çeýelige we berklige eýedir, şol bir wagtyň özünde olar himiki taýdan dargadylyp we gaýtadan işlenip bilner.
Işiň awtorlarynyň çaklamalaryna görä, dünýäde her ýyl takmynan 3,7 milliard gallon ulanylan ösümlik ýagy emele gelýär, onuň uly bölegi gaýtadan ulanylman, kanalizasiýa dökülýär.


14.02.2026 17:27
3.2k+

NASA üçünji «ganatly» uçary synagdan geçirdi: ol ýangyç sarp edilişini peseldýär

NASA aerodinamiki garşylygy gowşatmak we ýangyjy az sarp etmek maksady bilen ýasalan CATNLF ganatynyň uly göwrümli modeliniň ilkinji uçuş synagyny geçirdi. Synag 29-njy ýanwarda Kaliforniýadaky NASA-nyň Armstrong adyndaky barlag merkezinde amala aşyrylsa-da, bu barada resmi taýdan diňe häzir habar berildi...

13.02.2026 10:25
1.2k+

Hytaý kosmosda ilkinji gezek «beýni—kompýuter» interfeýsini synagdan geçirdi

Hytaý alymlary dünýäde ilkinji gezek orbitada simsiz oturdylýan «beýni-kompýuter» interfeýsiniň (BCI) işini synagdan geçirendiklerini habar berdiler. Bu synagyň maksady — şeýle tehnologiýanyň kosmos şertlerinde işlemek ukybynyň näderejededigini anyklamakdan ybarat...

28.01.2026 16:58
6.1k+

Russiýada dünýäniň iň güýçli neýtrino obserwatoriýasy gurlar

Russiýanyň Çelýabinsk oblastynyň Snežinsk şäherinde dünýäde iň täze we iň iri neýtrino obserwatoriýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Milli fizika we matematika merkezi habar berýär. Taslama hakynda merkeziň ylmy ýolbaşçysy, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Aleksandr Sergeýew yglan etdi...

26.01.2026 04:09
5k+

Hytaý alymlary saçyň tary ýaly inçe we çeýe sapaga millionlarça tranzistory sygdyrdylar

Hytaýda çeýe elektronikanyň geljekdäki köpçülikleýin önümçiligi üçin esas döredildi. Taslamany düzüjiler inçejik çeýe sapak görnüşinde mikroshema taýýarladylar. Geljekde şeýle sapaklardan hasaplamalary ýerine ýetirip, neýroulgamlar bilen işläp we maglumatlary görkezip biljek matalary dokap bolar...