Saud Arabystany Neom taslamasynyň gerimini kiçeltmegi we konsepsiýany üýtgetmegi meýilleşdirýär

  • 27.01.2026 18:00
  • 6.7k+

Saud Arabystany 2017-nji ýylda badalga berlen «geljegiň şäherini» döretmek boýunça Neom taslamasynyň gerimini ep-esli kiçeltmegi we konsepsiýany bölekleýin üýtgetmegi göz öňünde tutýar. Bu barada «Financial Times» neşiri habar berýär.
Gijikdirmeler we býujetiň aşa sarp edilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolan bu taslama gaýtadan seretmek işleri 2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň ahyryna çenli ýa-da biraz gijräk tamamlanyp bilner. Neşiriň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, mirasdüşer şazada Muhammet ben Salman indi Neom-a «has kiçi göwrümli» taslama hökmünde garaýar. FT-niň bellemegine görä, bu ýagdaý başdaky konsepsiýanyň, onuň töweregindäki mahabatlaryň we köpçülikleýin maglumatlaryň hem-de gurluşygyň irki tapgyrynyň kynçylyklarynyň ykrar edilmegini görkezýär.
Ilkibaşda Neom-y Gyzyl deňziň kenarynda, ululygy boýunça Belgiýa bilen deňleşýän meýdanda erkin ykdysady zolak görnüşinde ýerleşdirmek meýilleşdirilipdi. Taslama futuristik The Line şäherini, 2029-njy ýylyň Aziýa gyşky oýunlaryny kabul etmeli Trojena dag-lyža zolagyny, şeýle-da kenarýaka senagat-logistika zolagy bolan Oxagon-y öz içine alýardy.
24-nji ýanwarda Er-Riýad Trojena-nyň geriminiň kiçeldilýändigini yglan etdi, şol sebäpli zolak meýilleşdirilen möhletlerde oýunlary kabul edip bilmez. Şeýle-de, «The Line» şäheriniň gurluşygy göwrüm taýdan ep-esli kiçeldiler.
Maglumatlara görä, Neom taslamasy ýurduň emeli aňy ösdürmek strategiýasynyň çäklerinde maglumat merkezlerini ýerleşdirmek üçin üýtgedilip bilner. «Maglumat merkezleri sowadyş ulgamyny talap edýär, Neom bolsa hut kenarda ýerleşýär we bu maksatlar üçin deňiz suwuna elýeterliligi bolar. Şonuň üçin bu maglumat merkezleri üçin iri merkeze öwrüler» diýlip, habarda bellenilýär.
Taslamanyň operator-kompaniýasy neşire beren habarynda sanly infrastruktura, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine elýeterlilik we ýer baýlyklarynyň barlygy ýaly artykmaçlyklary görkezip, Neom-yň «çalt ösýän bu pudaklara maýadarlary we hyzmatdaşlary çekmäge» gönükdirilendigini aýtdy.


şu gün 11:05
2.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 08:04
6.6k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

24.06.2026 16:45
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......