Tejen etrabynda migrasiýa gullugynyň bölüminiň täze edara binasy açyldy

  • 27.01.2026 14:48
  • 5.6k+

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň etrap bölüminiň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ulanylmaga berildi.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň sargydy boýunça amala aşyrylan bu taslamany «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy gurdy. Täze bina elektron resminama dolanyşygyny tiz amala aşyrmaga hem-de ilata hyzmat edilende şahsy maglumatlaryň ýokary derejeli goragyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän häzirkizaman kompýuterleri we sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy.
Binanyň tehniki üpjünçiligi halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Iş otaglaryndan başga-da, işgärleriň we harby gullukçylaryň dynç almagy üçin amatly şertler döredildi.
Bu taslama edaranyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli maksatnamanyň bir bölegi bolup, ol ýurduň ähli künjeklerinde gullugyň hünärmenleri üçin täze edara binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny göz öňünde tutýar.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......