Türkmenistanyň Energetika instituty nazary mehanika boýunça V internet-olimpiadasyny geçirýär

  • 27.01.2026 07:22
  • 4.1k+

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Nazary mehanika» dersi boýunça geçiriljek V açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.
Olimpiada 24–28-nji mart aralygynda şahsy we toparlaýyn görnüşde geçiriler. Gatnaşyjylaryň hasaba alynmagy 15-nji marta çenli açykdyr. Talyplar olimpiada okaýan hünärine we okuw ýylyna garamazdan gatnaşyp bilýär.
Şahsy tapgyrda bir ýokary okuw mekdebinden 10 talyp gatnaşyp biler. Toparlaýyn bäsleşikde bolsa bir ýa-da birnäçe ýokary okuw mekdebinden düzülen bäş adama çenli bir ýa-da iki topar çykyş edip biler.
Bäsleşik türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler. Şahsy tapgyrda gatnaşyjylara statika, kinematika we dinamika bölümleri boýunça 8 mesele hödürlener we olary çözmek üçin 240 minut wagt berler. Toparlaýyn tapgyrda bolsa şol bölümler boýunça 5 sany mesele berlip, olar üçin 60 minut wagt belleniler.
Ýumuşlar olimpiadanyň tertibine laýyklykda institutyň saýtyndaky ýörite bölümde ýerleşdiriler.
Goşmaça maglumatlar ýokary okuw mekdebiniň saýtyndan, +800 522 5-75-02, +993 64681023, +993 64207444 telefon belgileri, şeýle hem tdei@tdei.edu.tm we energetikatdei@gmail.com elektron poçta salgylary boýunça elýeterlidir.
Geçen ýyl geçirilen olimpiada Türkmenistanyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden we dünýäniň 17 ýurdunyň 85 sany ýokary okuw mekdebinden jemi 700-den gowrak talyp gatnaşdy.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......