Ermenistanyň premýer-ministri öz saz toparyny döretdi

  • 25.01.2026 23:59
  • 3.8k+

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan öz saz toparyny döredendigini habar berdi. Ol bu barada Facebook sahypasynda ýazgy galdyryp, toparyň adyny we logosyny köpçülige ýetirdi.
Ermenistanyň habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, toparyň ady Varchabend bolup, ol  ermeni dilindäki «warçapet» (premýer-ministr) sözüniň birinji iki bognundan we iňlis dilindäki «band» (topar) sözüniň birikmeginden emele gelendir.
Şu aýyň ortalarynda Nikol Paşinýan toparyň ilkinji çykyşynyň 30-njy ýanwarda Ýerewan şäherinde geçiriljekdigini mälim etdi. Konsertiň geçiriljek ýeri baradaky has anyk maglumatlar soňrak yglan ediler. Çärä gatnaşmak üçin öňünden hasaba durmak talap edilýär.
Premýer-ministriň saza bolan höwesi geçen ýyl has-da göze ilip başlady. 2025-nji ýylyň awgust aýynda habar beriş serişdeleri Nikol Paşinýanyň we onuň ýanýoldaşy Anna Akopýanyň saz gurallaryna erk etmek bilen meşgullanyp başlandygyny habar beripdiler. Olar esasan-da, gitara we deprek çalmagy öwrendiler.
Soňra premýer-ministr sosial ulgamlarda özüniň deprek çalyp oturan pursatlarynyň wideoýazgylaryny birnäçe gezek paýlaşdy.


27.06.2026 11:31
2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......