Mask Optimus-y 2027-nji ýylyň ahyryna çenli satyp başlamagy wada etdi we awtopilotyň bahasynyň ýokarlanjakdygyny duýdurdy

  • 24.01.2026 16:42
  • 2.7k+

Dawosdaky Bütindünýä ykdysady forumynda Ilon Mask Tesla-nyň 2027-nji ýylyň ahyryna çenli Optimus adampisint robotlaryny satyp başlamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şol bir wagtda ol, munuň haçan-da, kompaniýanyň robotlaryň ygtybarlylygyna, howpsuzlygyna we funksiýalarynyň ýeterlikdigine ynamly bolan ýagdaýynda boljakdygyny-da duýdurdy.

Milliarder robotlaryň anyk bahasyny aýtmady.
Şeýle hem Mask Teslanyň doly özbaşdak hereket edýän (FSD) awtonom hereketlendiriji ulgamynyň (awtopilot) mümkinçilikleri giňeldigiçe bahasynyň hem ýokarlanjakdygyny aýtdy. Häzirki wagtda FSD ABŞ-da bir gezek satyn almak üçin 8000 dollara, ýazylmak arkaly  aýda 99 dollara durýar. Indiki aýdan başlap, kompaniýa modelleriň diňe ýazylyp alynýan görnüşini hödürlemegi meýilleşdirýär.
Mask emeli aňyň geljegi barada hem öz pikirini paýlaşdy. Telekeçi 2030–2031-nji ýyllara çenli tutuş adamzadyň aňyndan öňe geçip biljekdigine ynanýar. Şonuň ýaly-da, ol geljekde planetadaky robotlaryň sanynyň adamlardan köp boljakdygyny we olara gündelik işlerde kömek edip biljekdigini çaklaýar.

«Eger adampisint robotlaryň sany milliardlarça bolsa we meniň pikirimçe, ol şonça köpelerem, onda Ýer ýüzündäki her bir adamyň öz roboty bolar» diýip, Mask aýtdy.

Tesla öz-özüni öwrenýän emeli aň we awtopilot tehnologiýalaryna esaslanýan Optimus robotlaryny işläp düzýär. Kompaniýa Optimus-yň ilkinji neslini 2023-nji ýylyň dekabrynda tanyşdyrdy we önümçilik prototipini 2026-njy ýylyň fewral-mart aýlaryna çenli tamamlamagy meýilleşdirýär.


düýn 23:24
1.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.3k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5.1k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....