Gadymky möjegiň iýmit galyndylary 14,000 ýyl mundan ozal ýaşan tüýli kerkiň DNK-syny öwrenmäge kömek etdi

  • 18.01.2026 15:22
  • 6k+

Alymlar Sibir doňaklygynda gatap galan möjegiň aşgazanyndan tapylan et bölegini öwrenmek arkaly, takmynan 14,000 ýyl mundan ozal ýaşan tüýli kerkiň genomyny täzeden dikeltdiler. Iki aýlyk möjek çagasynyň zepersiz saklanan galyndylary 2011-nji ýylda Sibiriň demirgazyk-gündogaryndaky Tumat obasynyň golaýynda tapylypdy. Barlagçylaryň pikiriçe, haýwan takmynan 14,400 ýyl mundan ozal hine toprak süýşmesi zerarly ölýär. Pes temperatura möjek çagasynyň diňe bedeniniň däl, eýsem onuň aşgazanyndaky zatlaryň saklanmagyna-da şert döredipdir.

Şunlukda barlag aşgazandaky galyndynyň buz döwrüniň iri ot iýiji haýwany bolan tüýli kerkiň et bölegidigini görkezdi. Genome Biology and Evolution žurnalynda çap edilen makalada, ylmy işgärleriň şol nusganyň esasynda kerkiň  genomyny yzygiderlilik bilen düzendiklerini habar berdiler. Başga bir haýwanyň aşgazanyndan buz döwründe ýaşan haýwanynyň tapylmagy öň gabat gelinmedik ýagdaýdyr.

«Biziň bilşimize görä, bu bizde genomy bolan iň ýaş tüýli kerkdir» diýip, ylmy barlagçylaryň biri doktor Kamilo Çakon-Duk belleýär.

Ylmy işgärler 18,000 we 49,000 ýyl mundan ozal ýaşan iki sany tüýli kerkiň öň bar bolan DNK-syny deňeşdirip, populýasiýanyň çaltlyk bilen azalmazdan ozal, uzak wagtlap köp we durnukly ýagdaýda bolandygy hakyndaky netijä geldiler.

«Bu görnüş näme sebäpli ölen bolsa-da, ol örän çaltlyk bilen bolup geçipdir. Wakanyň tüýli kerkleriň ýok bolmagyndan 300-400 ýyl öň bolup geçen bolmagy-da mümkin» diýip, Çakon-Duk aýdanlarynyň üstüni ýetirýär.

Paleogenetika merkeziniň ewolýusiýa genomikasy professory Law Dalen, görnüşiň ýok bolmagynyň sebäbini Býolling-Allerýod döwründe howanyň birden gyzmagy bilen baglanyşdyrýar. Ol şeýle diýmek bilen, tüýli kerkleriň ýok bolmagyna awçylaryň hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny öňe sürýär.
Möjek çagasynyň tüýli kerkler bilen nädip iýmitlenip başlandygy näbelli. Belki-de möjek sürüsi tarapyndan öldürilenden soň, läşden iýmegi karar edendir ýa-da eti sürüdäki möjekleriň biriniň hödür eden bolmagy-da mümkin.
2015-nji ýylda alymlar bu möjek çagasynyň golaýyndan onuň dogany bolan ýene bir möjek çagasynyň galyndylaryny tapdylar. Synaglar haýwanlaryň ikisiniň hem gaty iýmit iýip başlandygyny, ýöne entek süýtden aýrylmandyklaryny görkezdi.


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....