Counterpoint: Apple 14 ýyldan soň ilkinji gezek smartfon satuwy boýunça Samsung-dan öňe geçdi

  • 15.01.2026 21:50
  • 3.1k+

Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça dünýäde smartfon üpjünçiligi ugrunda birinji orny eýeledi. Şunlukda, amerikan korporasiýasy 14 ýylyň içinde ilkinji gezek özüniň esasy bäsdeşi bolan Samsung-dan öňe geçmegi başardy.

Counterpoint Research seljeriş merkeziniň maglumatlaryna görä, Apple-iň dünýä smartfon bazaryndaky paýy 20%-e ýetdi we önüm üpjünçiligi 10% ýokarlandy. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi bolsa 19% paý we 5% ösüş bilen ikinji orna düşdi.
Seljeriji Warun Mişranyň düşündirişine görä, Apple-iň bu üstünligine iPhone 17-niň satuwy hem-de Ýaponiýada, Hindistanda we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda iPhone 16 modeline bolan durnukly isleg sebäp boldy.

"Bu goşa itergi COVID döwründäki enjamlaryň täzelenme sikliniň iň ýokary nokada ýetmegi bilen has-da güýçlendi, sebäbi millionlarça ulanyjy öz köne enjamlaryny täzelemeli boldy" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Global bazardaky beýleki orunlar:

  • Xiaomi: 13% paý (3-nji orun).
  • Vivo we OPPO: her biri 8% paý.
  • Beýleki öndürijiler: umumy üpjünçiligiň 32%-i.

Analitikler, şeýle-de, üpjünçiliklerini degişlilikde 31% we 25% artdyran Nothing hem-de Google kompaniýalarynyň netijelerini aýratyn belläp geçdiler.
Umuman alanyňda, dünýä boýunça smartfon üpjünçiligi 2% ýokarlandy. Emma bilermenler çip ýetmezçiligi we şaýlaryň gymmatlamagy sebäpli 2026-njy ýylda bazaryň pese gaçyp biljekdigini duýdurýarlar. Şeýle ýagdaýda Apple we Samsung premium segmentdäki durnuklylygy we ygtybarly üpjünçilik zynjyrlary arkaly öz pozisiýalaryny saklap galar diýip garaşylýar. Barlaglaryň direktory Tarun Pathagyň habar bermegine görä, şu çaklamalaryň fonunda eýýäm smartfonlaryň bahalary gymmatlap başlady.


27.06.2026 20:25
3.5k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......