Bazarlardaky arzanlaşyk sebäpli lýuks brendleriň girdejisi görnetin peseldi

  • 13.01.2026 16:29
  • 5.1k+

«Bain» we «Altagamma» konsalting firmalarynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň dowamynda dizaýnerçilik harytlarynyň 35%-den 40%-e çenlisi uly arzanladyşlar bilen satyldy. «Financial Times» gazeti bolsa, şu ýylda bu görkezijiniň ozalkydan, 5 göterim dagy ýokary bolmagyna garaşylýandygyny ýazýar.  Bu ýagdaý pandemiýany hasaba almanyňda, brendleriň soňky 15 ýylda iň pes girdeji gazanmaklaryna sebäp boldy.

Dura-bara alyjylaryň häsiýeti-de üýtgeýär. Indi köp müşderiler lýuks harytlary brendleriň öz butiklerinde doly bahadan däl-de, arzanlaşyk harytlary satýan dükanlardan almagy saýlaýarlar. Lýuks harytlaryň global ugurlary boýunça ýolbaşçysy Klaudiýa D'Arpizionyň pikiriçe, bu tendensiýanyň üsti bilen, lýuks segmentinde önümiň bahasynyň hem-de onuň hakyky gymmatynyň arasyndaky çaprazlygy  ýiti duýmak mümkin. Hut şu ýagdaý zerarly pudakdaky iş girdejileri-de, takmynan 15-16% -e çenli azaldy.
Şol bir wagtyň özünde, alyjylar has elýeterli ýaş brendlere we täze dizaýnerleriň işlerine gitdigiçe köp ýüzlenýärler. Üýtgeýän islege jogap hökmünde, Kering we LVMH ýaly iri moda toparlary marketing çykdajylaryny azaltmak, girdejisiz dükanlary, esasanam Hytaý bazaryndakylary ýapmak, diňe derejä we tanalýan logotiplere däl-de, alyjylaryň häzirki wagtdaky hereketlerine we  isleglerine has köp üns bermek arkaly öňde goýan iş maksatlaryny täzeden gözden geçirýärler.

27.06.2026 20:25
3.5k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.7k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......