Türkiýäniň iň meşhur dynç alyş zolaklarynyň biri bolan Antalýa bolup biljek weýrançylykly ýertitremelere adaty bolmadyk usulda taýýarlyk görýär: indi gözleg-halas ediş işlerine Afrikanyň holtumly alakalary gatnaşar. «Gahryman syçanlar» diýlip atlandyrylan bu taslama dünýäde şular ýaly ilkinji taslamadyr.
Onuň mazmuny kiçi, çakgan we örän duýgur alakalaryň weýran bolan binalaryň astyndaky adamlary halasgärlerden we hatda itlerden hem çalt tapyp bilmegindedir.
Bir alakany taýýarlamak işi iki ýyla çenli wagt alýar.
Taslama Muratpaşa etrap häkimliginiň, Belgiýanyň APOPO guramasynyň, GEA gözleg-halas ediş assosiasiýasynyň we Ankara uniwersitetiniň gatnaşmagynda gurnaldy.
Programma üçin Tanzaniýadan alty haýwan getirildi. Kiçijik «halasgärlere» adam atlary berildi: Jo, Karuza, Wagner, Billi, Kiria we Deniel. Olaryň ählisi ýörite taýýarlykdan geçdi we ýumrulan binalaryň aşagynda adam ysyny kesgitläp bilýär.
Bularyň alakalardygyna garamazdan, guramaçylar adyň has dostlukly ýaňlanmagy üçin olary «syçanlar» diýip atlandyrmagy makul bilýär.
Holtumly alakalaryň agramy bir ýarym kilogramdan az bolup, barmasy kyn bolan ýerlere girmäge ukyplydyr. Olaryň arkasyna kameraly we GPS-datçikli kiçijik torbalar berkidilýär, netijede halasgärler olaryň ýoluny we takyk ýerleşýän ýerini hakyky wagtda yzarlap bilýär.
Haçan-da alaka diri adamy tapanda, ol boýnundaky jaňy kakýar we koordinatlar şol bada halas ediş toparyna iberilýär. Işden soň haýwanlara olaryň gowy görýän tagamy – awokado berilýär.