NASA-nyň täze açyşy sunamiden wagtynda gaçyp gutulmaga şert döreder

  • 15.04.2026 21:17
  • 5k+

Alymlar taryhda ilkinji gezek ummanyň çuňluklarynda sunaminiň nähili döreýändiginiň takyk we iki ölçegli (2D) suratyny alyp bildiler. Euronews neşiriniň habar bermegine görä, bu täsin suratlar SWOT emeli hemrasy arkaly alyndy.

Ignasio Sepulwedanyň ýolbaşçylygyndaky barlag topary geçen ýylyň iýul aýynda Kamçatkadaky 8,8 ballyk ýer titremesinden 70 minut soňra alnan maglumatlary seljerdiler. Şonda emeli hemra äpet tolkun bilen birlikde, şol tolkunyň yzyndan gelýän we betbagtçylygyň gözbaşy barada örän möhüm maglumatlary berýän «ownuk tolkunlar zynjyryny» hem anyklady.

Öňler sunami baradaky maglumatlar diňe deňziň düýbündäki basyşy ölçeýän sensorlara (DART buýlaryna) bil baglaýardy. Emma basyş ölçegleri olara diňe belli bir nokatlarda maglumat berýärdi we tolkunyň tutuş gurluşyny görmäge mümkinçilik bolmaýardy.

Täze SWOT usuly bolsa umman üstüniň gaty giň we aýdyň suratyny çekýär. Ol tolkunlaryň ugruny, olaryň aralygyny we egriligini santimetrlerde ölçäp görkezýär.

Özi-de bu täze açyş sunaminiň dörän ýerini 10 kilometr takyklyk bilen kesgitlemäge şert döretdi. Şeýle etmek ozal asla mümkin däldi. Indi bolsa, matematik hasaplamalar we emeli hemranyň maglumatlaryny birleşdirip, sunaminiň haçan we nähili beýiklikde kenara urjakdygyny öňünden ygtybarly çaklap bolar.

Netijede bu tehnologiýa geljekde adamlary öz wagtynda ewakuasiýa etmäge we müňlerçe ömrüň halas bolmagyna uly ýardam berer.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....