Alpina dolulygyna BMW-niň düzümine goşuldy we täze logotip aldy

  • 09.01.2026 10:54
  • 4.2k+

Germaniýanyň awtomobil ägirdi bolan BMW, Alpina brendiniň öz düzümine doly goşulandygyny resmi taýdan yglan etdi. Söwda nyşanynyň hukuklarynyň bütinleý Bawariýa konsernine geçmegi bilen, ozalky týuning atelýesi indi seriýaly awtoulaglaryň aýratyn eksklýuziw görnüşlerini öndürmek bilen meşgullanar.

Täze sub-brend BMW ALPINA diýlip atlandyryldy we awtoulaglaryň yzky böleginde özboluşly şrift bilen ýazylan täze logotip ýerleşdiriler. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu asuda we ynamly grafiki nyşan brendiň konserniň içindäki özboluşly häsiýetini we özbaşdaklygyny aňladýar.
Täze markanyň astynda ýokary amatlylykly we özboluşly sürüliş aýratynlyklaryna eýe bolan güýçli awtoulaglaryň öndürilmegi meýilleşdirilýär. Çaklanylmagyna görä, Alpina brendi BMW M bölüminiň ideýalarynyň has kaşaň (lýuks) görnüşine öwrüler.

“Her bir awtoulag öndürijilik, rahatlyk we şahsylyk babatda hiç hili ylalaşyga gitmeýän, kämilleşdirilen eksklýuziwlige ymtylýan muşdaklar üçin deňsiz-taýsyz gymmatlyk bolar” — diýip, BMW-niň resmi beýanatynda aýdylýar.

Bu ylalaşyk barada eýýäm 2022-nji ýylda yglan edilipdi, emma týunerler 2025-nji ýylyň ahyryna çenli öz garaşsyzlygyny saklap galdylar. Häzirlikçe konsern täze düzümdäki ilkinji modeliň çykaryljak senesini anyklamady.
Şol bir wagtyň özünde, Alpina atelýesiniň öňki eýeleri täze Bovensiepen brendi astynda özleriniň ilkinji taslamasyny tanyşdyrdylar. Bu taslama BMW-niň “dördünji” seriýasynyň esasynda, Zagato dizaýn öýi tarapyndan döredilen "grand-turýer" (GT) klasly awtoulagdyr.


01.06.2026 10:57
3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.4k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....