BMW «guduzlan» rul sebäpli X3 krossowerlerini yzyna ýygnaýar

  • 07.01.2026 10:20
  • 7.8k+

BMW geň we howsala döredýän kemçilik sebäpli 2025-nji we 2026-njy model ýyllarynyň 36 922 sany X3 krossowerini yzyna ýygnaýandygyny mälim etdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýollarda hereket howpsuzlygynyň milli edarasy (NHTSA) habar berdi.

Kemçilik awtoulag Drive režiminde hereketsiz duran wagty we hereketlendiriji işledilende ýüze çykýar. Awtomobil hereket etmese-de, bu uly howsala goýýar.
Meseläniň sebäbi ruluň elektrik güýçlendirijisiniň programma üpjünçiligindäki ýalňyşlyk bolup çykdy. Aýlama güýjüniň datçiginiň kanallarynyň birine nädogry signal gelende, ulgam elektrik hereketlendirijisine ýalan impulslary iberýär. Bu hem ruluň dürli tarapa düşnüksiz hereket etmegine getirýär.
Kompaniýa meseläniň diňe programma üpjünçiligi bilen baglanyşyklydygyny belledi. Häzire çenli bu kemçiligiň tizlikli hereket wagty ýüze çykan ýagdaýy hasaba alynmady.
Näsazlygy düzetmek üçin BMW elektrik güýçlendirijiniň programma üpjünçiligini täzelär. Awtomobilleriň köpüsi zerur programma üpjünçiligini «howa arkaly» alar. Şeýle-de, degişli ulaglaryň eýeleri hyzmat merkezlerinde ulgamy mugt täzelemek üçin resmi dilerlere ýüz tutup biler.


düýn 09:56
2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

18.06.2026 10:58
4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......