«Dýuna 3» bilen «Ar alyjylar: Kyýamat güni» filmleri bir wagtda çykarylar

  • 28.12.2025 23:20
  • 3.8k+

Warner Bros. we Disney kinostudiýalary «Dýuna: Bölüm 3» we «Ar alyjylar: Kyýamat güni» filmlerini ABŞ-da prokata 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda bir wagtda çykarmagy meýilleşdirýär. Iki blokbasteriň reliz gününiň gabat gelmegi sosial ulgamlarda kinofilmleriň atlaryndan ýasalan «DunesDay» adalgasynyň peýda bolmagyna getirdi.

Ulanyjylar bu wakany 2023-nji ýyldaky «Barbigeýmer» bilen deňeşdirýär. Şol ýyl «Barbi» we «Oppengeýmer» filmleri bir wagtda çykyp, jemgyýetde uly seslenme döredipdi.
Žurnalist Mettýu Belloni öz podkastynda häzirki wagtda kompaniýalaryň premýera tertibini üýtgetmek meýliniň ýokdugyny we Roždestwodan öňki baýramçylyk möwsüminde mümkin boldugyndan ýokary girdeji gazanmak isleýändigini habar berdi. Şol bir wagtyň özünde, indiki «Ar alyjylaryň» marketing kampaniýasy eýýäm başlady. Mysal üçin, Marvel studiýasy «Kyýamat gününiň» ilkinji tizerini hödürläp, Kris Ewansyň Stiw Rojersiň/Kapitan Amerikanyň keşbine gaýdyp gelýändigini tassyklady. «Dýuna 3» barada wideo entek ýok.
Relizleri gabat getirmek pikirini Marvel kinoäleminde Şan-Çiniň roly bilen tanalýan aktýor Simu Lýu hem goldady. Ol auditoriýany bellenilen senä taýýarlanmaga çagyrdy.
Kinofranşizalaryň muşdaklary tematiki posterleri döretmäge girişdi. 


şu gün 14:51
2k+

Amerikanyň Ssenariçiler gildiýasy Warner Bros. bilen Paramount-yň birleşmeginiň öňüni almaga synanyşýar

Amerikanyň Ssenariçiler gildiýasy (WGA) Warner Bros. Discovery bilen Paramount kompaniýalarynyň birleşmegine garşy çykyş etdi. Gildiýa mümkin bolan birleşigi "ssenariçiler, tomaşaçylar we tutuş pudak üçin betbagtçylyk" diýip atlandyrdy...

şu gün 11:17
2.2k+

«Jeýn Eýr» esasynda düşüriljek täze serialda baş keşbi Eými Lu Wud ýerine ýetirer

Şarlotta Brontäniň «Jeýn Eýr» romanynyň esasynda surata düşüriljek täze teleserialda baş roly «Ak lotos» (The White Lotus) serialy arkaly tanalýan aktrisa Eými Lu Wud ýerine ýetirer. Bu barada Deadline neşiri Britaniýanyň Working Title studiýasyna salgylanyp habar berýär...

şu gün 10:35
1k+

EA kitap ogrusymy? Çat-botlaryň ýadynda awtorlyk hukugy bilen goralýan müňlerçe sahypalyk mazmun ýüze çykdy

Stenford we Ýell uniwersitetleriniň bilermenleri Gemini 2.5 algoritminiň Garri Poter baradaky birinji kitabyň tekstiniň 76,8%-ini, Grok 3 modeliniň bolsa, 70,3%-ini ýokary takyklyk bilen dikeldip bilýändigini görkezýän tejribe geçirdiler...

düýn 11:37
4.5k+

«Karib deňziniň garakçylary 6» gijigýär. Sebäbi – Tom Kruzly «Top Gan 3»

Prodýuser Jerri Brukhaýmer Collider-e beren interwýusynda «Karib deňziniň garakçylarynyň» altynjy bölüminiň näme üçin gijigýändigini aýtdy. Brukhaýmeriň sözlerine görä, häzir onuň esasy ünsi Tom Kruzyň gatnaşmagyndaky «Top Gan» filminiň üçünji seriýasyna gönükdirilen...