Merriam-Webster «slop» sözüni 2025-nji ýylyň sözi diýip atlandyrdy

  • 17.12.2025 16:51
  • 2.3k+

Merriam-Webster amerikan sözlügi «slop» adalgasyny 2025-nji ýylyň sözi diýip ykrar etdi. Ol jikme-jik «ýuwundy» diýlip terjime edilýär, ýöne häzirki günde, esasan, emeli aň tarapyndan döredilen pes hilli kontenti aňlatmak üçin ulanylýar.

Redaktorlar bu adalganyň saýlanmagynyň bolgusyz wideolaryň, manysyz mahabat suratlarynyň, arzan propagandanyň, galp habarlaryň we EA-nyň ulanylmagy bilen döredilen kitaplaryň barha giňden ýaýramagy bilen baglanyşyklydygyny düşündirýär. Şol bir wagtyň özünde, ulanyjylar gahara ýa-da nägilelige sebäp bolýandygyna garamazdan, şeýle kontentleri ulanmagy dowam etdirýär.
«Slop» sözüniň özi XVIII asyrda peýda boldy we şol wagt laýy ýa-da hapany aňladýardy, soňra bolsa «galyndy» we «ýuwundy» manylarynda ulanylyp başlandy.

«Ekranlarymyza çykýan bu zibilleriň ählisi bary-ýogy dört harp bilen aňladyldy: iňlis dili ýene-de tamamyzy ödedi» — diýlip, sözlügiň habarynda aýdylýar.

Şeýle-de, sözlük 2025-nji ýylda ulanyjylar tarapyndan köp gözlenen sözleriň sanawyny hödürledi. Olara gerrymander (saýlaw okruglaryny manipulýasiýa etmek), touch grass («oty ellemek», gajetden daşary köp wagt geçirmek manysynda), performative (göz üçin) we tariff (salgytlar), six seven aňlatmasy («alty ýedi», bu sözüň bir manysy ýok we ol duýgulary bildirmegiň ýa-da arakesmäni doldurmagyň usuly hökmünde hyzmat edýär), konklaw we Roblox oýnundan Char­gog­ga­gogg­man­chaug­ga­gogg­chau­bu­na­gun­ga­maugg köli degişlidir.
Geçen ýyl Merriam-Webster tarapyndan ýylyň sözi hökmünde «jemgyýetde düşünişmezlikleriň artmagy» sebäpli polarization saýlanypdy.
Ýatlap geçsek, ýakynda beýleki sözlükler hem ýylyň sözüni kesgitledi. Iňlis diliniň Oksford sözlügi 2025-nji ýylyň sözi diýip rage bait («gazap duzagy») söz düzümini, Kembrij sözlügi bolsa parasocial («parasosial») sypatyny saýlady.  

şu gün 12:35
1.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.6k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.6k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......