Parasocial adalgasy Kembrij sözlügi tarapyndan 2025-nji ýylyň sözi hökmünde saýlandy

  • 21.11.2025 12:23
  • 1.1k+

Iňlis diliniň Kembrij sözlügi “Parasocial” (“parasosial”) adalgasyny 2025-nji ýylyň sözi diýip atlandyrdy.

“Parasosial” adalgasy adamyň meşhur şahsyýete, kitabyň, filmiň ýa-da serialyň gahrymanyna, ýa-da emeli aňa, mysal üçin, çat-bota birtaraplaýyn psihologik ysnyşygyny aňladýar.
Sözlükde bellenilişi ýaly, bu adalga 1956-njy ýylda antropolog Donald Horton we sosiolog Riçard Wol tarapyndan girizildi. Olar bu adalgany teletomaşaçylaryň ekrandaky adamlara, mysal üçin, şüweleňiň gatnaşyjylaryna ýa-da alypbaryjysyna ysnyşygyny aňlatmak üçin ulandy. Häzirki günde şeýle ýagdaý ýörgünli bolup galýar: sosial ulgamlary ulanyjylar gönüden-göni aragatnaşygy bolmadyk meşhur şahsyýetler we görnükli adamlar bilen parasosial gatnaşyklary emele getirýär.
Mysal hökmünde sözlük aýdymçy Teýlor Swifti getirýär. “Ol muşdaklaryň özüni oňa ýakyn duýmagy üçin, sosial ulgamlardaky durmuşyny oýlanyşykly dolandyrýar. Onuň ýakynda Instagram arkaly amerikan futbolynyň ýyldyzy Trewis Kelsi bilen adaglanandygy barada habar bermegi bütin dünýädäki muşdaklaryň oňa öz ýakyn jorasy adaglanan ýaly seslenmegine getirdi” – diýlip, sözlügiň saýtynda aýdylýar.
2025-nji ýylda “parasosial” adalgasy adamlaryň şeýle gatnaşyklary emeli aň, şol sanda ChatGPT çat-boty bilen gurmagy sebäpli köp ulanylyp başlandy.

“Birwagtlar ýörite akademiki adalga bolan zat meýnstrim boldy. Millionlarça adam parasosial gatnaşyklara gatnaşýar; beýlekiler bolsa bu ýagdaýyň ösüşi bilen gyzyklanýar” – diýip, leksikograf Kolin Makintoş belledi. 

şu gün 12:35
1.9k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.6k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......