«Köpüň biri» serialy Apple TV-de iň meşhur serial boldy

  • 17.12.2025 15:52
  • 3.1k+

Täze «Köpüň biri» serialy (Pluribus) Apple TV striming platformasynda iň meşhur serial boldy. Taslama tomaşa sany boýunça platformanyň «Bölünişik», «Ted Lasso» we «Säher şüweleňi» ýaly meşhur taslamalaryndan öňe geçdi.

Ozal serial 2025-nji ýylyň jemi boýunça eýýäm platformanyň iň köp görülýän serialy bolupdy. Şol bir wagtyň özünde, Apple TV tomaşa sany barada takyk maglumatlary bermeýär.
Serialyň režissýory «Garadangaýtmaz» (Во все тяжкие) we «Gowusy, Sola jaň ediň» (Лучше звоните Солу) seriallaryny dörediji Wins Gilligan boldy.
Birinji bölümiň premýerasy 7-nji noýabrda boldy, jemleýji 9-njy bölüm 26-njy dekabrda çykar. Taslama eýýäm ikinji möwsüme uzaldyldy.
Waka Nýu-Meksiko ştatynyň Albukerke şäherinde ýaýbaňlanýar. Sýužet «dünýäni şatlykdan halas etmeli ýerdäki iň betbagt adam» diýlip atlandyrylýan Kerol atly aýalyň töwereginde jemlenýär.
Baş keşbi «Gowusy, Sola jaň ediň» serialynda Kim Ueksleriň keşbi bilen tanalýan Ria Sihorn ýerine ýetirdi. Şeýle-de, aktýorlar düzümine Karolina Wydra we Karlos Manuel Wesga girdi; çagyrylan ýyldyzlar hökmünde Miriam Şor we Samba Şutte gatnaşdy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....