Türkmenistanda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

  • 16.12.2025 10:23
  • 12k+

15-nji dekabrda Aşgabatda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Baş arça Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdyldy.

Aýazbabadyr Garpamyk ulagda Gündogar müçenamasyndaky 12 ýyly alamatlandyrýan lybaslardaky çagalar hem-de baýramçylyk öwüşgininde bezelen iki gatly awtobusda “Abadançylyk” binasynyň ýanyndan baýramçylyk ýörişine başladylar. Olar bu ýerden Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylyp ulanmaga berlen Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldiler.
Soňra ýygnananlar agzybirlikde “Jahan” döredijilik merkezine tarap ýola düşdüler. Bu ýerde joşgunly aýdym-sazlar, degişme sahnalary ýaýbaňlandyrylyp, baýramçylyk lybasyndaky ýaşajyk tansçylar öz çykyşlaryny görkezdiler.
Soňra dabaralar Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Arkadag şäherinde dowam etdi. Täze ýyl mynasybetli dabara gatnaşyjylar şu ýylda açylyp ulanmaga berlen häzirki zaman awtomobil köprüsinden “Akhan” we “Taýçanak” binalaryna tarap ýola düşdüler.


Arkadag şäheriniň baýramçylyk öwüşgininde bezelen meýdançasynda şäheriň baş arçasy oturdylypdyr. Bu ýerden Aýazbaba hem-de Garpamyk Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugradylar. Dabara gatnaşyjylar üçin aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Atçylyk sirkiniň we Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebinde bilim alýan okuwçylar myhmanlar üçin ajaýyp çykyşlary taýýarlapdyrlar. Soňra Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ahalteke bedewleriniň we olara ezberlik bilen erk edýän ýigitleriň gatnaşmagynda görkezme çykyşlary guraldy.
Soňra Aýazbabanyň we onuň dostlarynyň gezelenji Aşgabat şäherine tarap ugur aldy.
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada oturdylan arçanyň ýanyna ýygnananlar, şol sanda çagalar dabara gatnaşyjylary şatlykly garşylaýarlar. Aýazbaba jadyly taýagynyň kömegi bilen Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakdy. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň, Döwlet sirkiniň artistleri, orta we ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlary sahnalaşdyrylan çykyşlary bilen myhmanlaryň ruhuny belende göterdiler.
Soňra Aýazbaba we Garpamyk Aşyr dädäniň hem-de paýtagtymyzyň körpe ýaşaýjylarynyň ugratmagynda Aşgabadyň baýramçylyk ruhunda bezelen köçeleri boýunça ýoluny dowam etdiler.
Birnäçe wagtdan soňra, baýramçylyk kerweni ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylan “Älem” medeni-dynç alyş merkezine geldi.
Körpeleriň islegi boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagy arkaly owadan arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi. Şol pursatda ýurdumyzyň welaýatlaryndaky şäherleriň meýdançalarynda oturdylan Täze ýyl arçalarynyň ählisi hem jadyly yşyklarda ýalkym saçdy.


11.05.2026 22:59
1.1k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.3k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......