Türkmenistanyň Prezidenti halkara ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylara we talyplara pul baýragyny berdi

  • 15.12.2025 23:00
  • 13k+

15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylaglary gowşurdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Dabaranyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, türkmen ýaşlaryny dünýä derejesindäki olimpiadalarda we sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra wise-premýer B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşlary sylaglamak hakynda gol çeken Buýrugyny okady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow dünýä derejeli ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryna we talyp ýaşlara, olaryň halypa mugallymlaryna, şeýle hem, dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.


Dabarada Serdar Berdimuhamedow dünýä derejeli olimpiadalarda:

  • III orna hem-de bürünç medala mynasyp bolan okuwçylary, talyplary 40 000 (kyrk müň) manat möçberde pul baýragy;
  • II orna hem-de kümüş medala mynasyp bolan okuwçylaryň, talyplaryň her birini 70 000 (ýetmiş müň) manat möçberde pul baýragy;
  • I orna hem-de altyn medala mynasyp bolan talyplaryň her birini 100 000 (bir ýüz müň) manat möçberde pul baýragy bilen sylaglady.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow dünýä derejeli olimpiadalarda ýokary netijeleri gazanan okuwçylary we talyplary taýýarlan mugallymlaryň her birini 100 000 (bir ýüz müň) manat möçberde pul baýragy bilen serpaýlady.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň dowamynda abraýly halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryny döwlet derejesinde sylaglamaga hödürlemegiň sanawy düzülende, olaryň gatnaşan halkara ders bäsleşikleriniň hereket edýän reýtinglerdäki derejesinden we ähmiýetinden, şonuň ýaly-da şol bäsleşiklere gatnaşan ýurtlaryň sanyndan ugur alyndy.


19.06.2026 18:41
3.3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.4k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.2k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......