«Gara babyryň» muşdagy Marvel kolleksiýasy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 14.12.2025 23:01
  • 3.9k+

Hýustonyň ýaşaýjysy (Tehas ştaty, ABŞ) Taýeşa Elam üç müňden gowrak Marvel predmetini ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi. Olardan 2546 predmet resmi taýdan kolleksiýa üçin niýetlenen hasaplanýar – bu hem ony dünýäde «Gara babyra» (Черная пантера) bagyşlanan iň uly kolleksiýanyň eýesine öwürýär.

Taýeş kolleksiýa ýygnamaga 2018-nji ýylyň fewralynda ejesi bilen bilelikde «Gara babyr» barada ilkinji filme tomaşa edenden soň başlady.

«Ilkibaşda men predmetleri bu ajaýyp ýatlamany saklamak üçin ýygnap başladym» - diýip, ol gürrüň berýär. Ol ilki Gara babyryň maskasyny we Nakiýa bilen Şuriniň gurjaklaryny satyn aldy. «Biz bu üç predmetiň beýleki müňlerçe predmete getirjekdigi barada pikir etmändik» - diýip, Taýeşa aýdýar.

Wagtyň geçmegi bilen kolleksiýa onuň durmuşynyň bir bölegine öwrüldi. Ol kolleksiýasynyň üstüni ýetirmek üçin dünýä boýunça syýahat edip, Germaniýa, Fiji, Beýik Britaniýa we Awstraliýa ýaly ýedi ýurtda «Wakanda baky» filmine tomaşa etdi. Häzir onuň öýünde Funko heýkeljikleri, çäkli çykarylan Coach harytlary, dürli ýurtlaryň kinoteatrlaryndan kolleksiýa bulgurlary we bedreleri bar.
Taýeşa özi üçin kolleksiýanyň ýönekeý bir güýmenje däldigini, gahrymanlar hem olaryň maşgala we medeni gymmatlyklary bilen aýratyn baglanyşygy duýýandygyny aýdýar. 


düýn 10:46
2.9k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....