Emeli aňy döredenler «Time» tarapyndan «Ýylyň adamy» diýlip ykrar edildi

  • 13.12.2025 17:18
  • 4.9k+

«Time» amerikan žurnaly tarapyndan «Ýylyň adamy» adyny emeli aňy döredijiler aldy.

Neşiriň daşyna Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, AMD-yň baş direktory Liza Su, xAI, SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask, Nvidia-nyň ýolbaşçysy Jensen Huang, OpenAI-iň ýolbaşçysy Sem Altman, DeepMind-yň baş direktory Demis Hassabis, Anthropic-iň ýolbaşçysy Dario Amodeý we ImageNet-iň esaslandyryjysy Feý-Feý Li ýerleşdirildi.
Olaryň ählisi polat pürsde otyr – surat 1932-nji ýylda düşürilen «Diňdäki günortanlyk» fotosuratyny ýatladýar.

«2025-nji ýyl emeli aňyň ähli mümkinçilikleriniň hemmetaraplaýyn ýüze çykan we yza ýoluň ýokdugynyň belli bolan ýyly boldy. Pikirlenýän maşynlaryň hakykat bolandygy üçin; adamzady haýran galdyrandygy we howsala goýandygy üçin; häzirki zamany üýtgedendigi we mümkin bolan zatlaryň çägini giňeldendigi üçin Time-da 2025-nji ýylyň adamy emeli aň arhitektorlary boldy» – diýlip, žurnalyň sosial ulgamlarynda aýdylýar.

«Time» žurnaly 1927-nji ýyldan bäri «bähbitlidigine ýa-da zyýanlydygyna» garamazdan, soňky 12 aýda dünýä uly täsirini ýetiren adamy, topary ýa-da konsepsiýany atlandyrýar.
2024-nji ýylda bu ady ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp aldy.


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......