Türkmenistan Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär

  • 13.12.2025 15:04
  • 11k+

Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumda çykyşynda belledi.

Biz Bitaraplygy syýasy we iş ýüzündäki platforma hökmünde peýdalanmagy teklip edýäris, şonuň esasynda häzirki döwürde ylalaşygy, düşünişmegi, ýaraşygy gazanmagyň ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamak mümkindir. Şu nukdaýnazardan, Bitaraplyk bähbitleriň ýakynlaşmagynyň hem-de sazlaşygynyň, hormat goýmak we deňhukuklylyk dialogynyň, pragmatik, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgasyna, ahyrky netijede, ählumumy geosyýasy deňagramlylygy gazanmagyň şertleriniň birine öwrülip biler diýip hasap edýärin. Özara bähbitli, dostlukly halkara gatnaşyklary öz Bitaraplyk syýasaty netijesinde ösdürýän Türkmenistanyň tejribesi Bitaraplygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny we ony Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ulanyp boljakdygyny görkezýär diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutany belledi.
Şunuň bilen baglylykda, parahatçylygy döretmek ulgamynda öňüni alyş diplomatiýasynyň syýasy-diplomatik serişdelerini we usullaryny giňden peýdalanýan Milletler Bileleşiginiň baý tejribesine esaslanyp, şeýle hem Bitaraplygyň tejribe häsiýetini ösdürmek, ylmy-barlag, bilim işini amala aşyrmak üçin Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär. Serdar Berdimuhamedow bu başlangyjyň goldaw tapjakdygyna ynam bildirip, ýurdumyzyň dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen şu meselä jikme-jik seretmäge taýýardygyny beýan etdi.


şu gün 11:28
242

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 19:44
1.9k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.6k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......